SOŇKY HABARLAR
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Parlamentindäki duşuşyklar
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy parlamentara gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli tagallalar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň düzgünleriniň...
Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň atçylyk gwardiýasynyň ýerleşýän ýerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen duşuşygyna gatnaşdy. Geçirilen duşuşygyň çäklerinde sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dialogy ösdürmek meseleleri ara...
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Şazada Edward bilen geçirilen duşuşyga gatnaşdy
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň hökümet binasy bolan Lankaster-hausda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Şazada Edward, Edinburg Gersogy bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-britan gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de aýratyn-da medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtadylar. *** Şazada Edwardyň, Edinburg Gersogyny...
Ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek babatynda Türkmenistanyň başlangyjynyň goldanylmagy
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Tähranda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmak möhüm bolup durýar. Munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutulýan ugurlar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdyr. Mejlisde Türkmenistanyň Hormatly Prez...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna sapary başlandy
2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Birleşen Patyşalygyna iş sapary başlandy. 25-nji fewralda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary Arsenio Dominges bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda deňiz ulaglary we halkara gämiçilik ulgamyndaky hy...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa sapary: parlamentara dialogyň berkidilmegi we hyzmatdaşlygyň geljegi
2026-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Gruziýa iki günlük resmi sapary başlandy. Şol gün Gruziýanyň Parlamentinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň we Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Ş.Papuaşwiliniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň hem-de Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösýändigini hem-de özara bähbitli ugurlaryň giň geri...
Türkmenistan-Amerikanyň Birleşen Ştatlary: ygtybarly häsiýete eýe bolan gatnaşyklar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna geldi. Dostlukly ýurduň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri mähirli garşylanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ös...