SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Astanada geçirilen Sebitleýin sammitde ekologiýa boýunça başlangyçlary beýan etdi
2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitine gatnaşdy. “EXPO” halkara sergiler merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Ýokary derejeli duşuşyga köp sanly döwlet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy. Sammitiň öňüsyrasynda wekiliýet ýolbaşçylary “RES 2026 EX...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Sebitleýin ekologiýa sammitindäki çykyşy
Hormatly döwlet Baştutanlary! Hormatly sammite gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe Sebitleýin ekologiýa sammitini çagyrmak baradaky başlangyjy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Bu forum aýratyn möhüm waka bolup durýar. Ilkinji gezek biziň ýurtlarymyz tarapyndan iň ýokary döwlet derejesinde giňeldilen ekologiýa gün tertibi toplu...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar 2025-nji ýylyň 19–20-nji maýynda Tähran şäherinde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuş...
Türkmenistanyň wekiliýeti Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bäşinji Antalýa diplomatik forumyna (ADF-2026) gatnaşdy. Ýokary derejeli çäre Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherindäki “Nest” maslahatlar merkezinde geçirildi. Forumyň şygary – “Geljegi meýilleşdirmek, nämälimlikleri dolandyrmak”. Forumyň çäklerinde birnäçe mowzuklaýyn mejlisler geçirildi we olaryň dowamynda gat...
Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine hem-de «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyndaky duşuşyga gatnaşdy
2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Moskwa şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. G...
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Din Sýuesýan hytaý wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, HHR-de Türkmenistan bilen ýola goýla...
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmany mähirli mübärekläp, HHR-iň weki...