SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝURDUŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ 25 –ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP MEDAL GOWŞURYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly medal bilen sylaglanyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25-ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek barada Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Ýokary derejeli sylaglara diňe bir Türkmenistanyň raýatlary mynasyp bolman, eýsem, köpýyllyk päk...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASY UGRY ÜSTÜNLIKLI AMALA AŞYRYLÝAR
Türkmenistanyň paýtagtynda we sebitlerinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan wajyp çäreler geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, dekabr aýynyň başynda hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady. Şu gün sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň güni bilen dabaralandyryldy. Günüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary syýasy işinde ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän dürli ugu...
TÜRKMENISTAN TUTUŞ DÜNÝÄ ÝURTLARYNA YNSANPERWER KÖMEGINI BERMEGINI DOWAM EDER
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Adatdan daşary ýagdaýlara seslenmegiň Merkezi gaznasyna goýumlaryň yglan edilmegi boýunça ýokary derejeli çärede çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň we onuň Prezidentiniň tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolan dünýä ýurtlaryna ynsanperwer kömeginiň berilmegi boýunça berk ygrarlylygyny tassyklady. Hususan-da, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we adamkärçiligiň ýokary ýörelgelerine eýermek bilen Türkmenistan goňşy ýurtlaryna,...
DAŞARI IŞLER MINISTRINIŇ OWGAN YSLAM RESPIBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda TDIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Owganystanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisiniň adyna gutlaglaryň we mähirli arzuwlaryň aýdylmagy bilen başlandy. Taraplar türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara ygrarlyl...
AKINA ŞÄHERÇESINDE TÜRKMEN TARAPYNYŇ GOLDAW BERMEGINDE TÄZE METJIT GURULDY
Şu gün, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyzda öz diplomatik işini tamamlaýan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Çin Ki Hun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Ministr ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasyn...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Hales bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy EYR-nyň Ilçisine Eýranyň görnükli alymynyň, Eýranyň Goranmak ministrliginiň Gözleg we innowasiýa guramasynyň ýolbaşçysy Mohsen Fahrizadeniň janyna kast edilmegi netijesinde aradan çykmagy bil...