SOŇKY HABARLAR
HYTAÝYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY
2021-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow HHR-nyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu ugurda şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda ähmiýetli senä gadam basylýandygy hem bellenilip geçildi. Taraplar hyzma...
DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÜRKMENISTANYŇ BAKY BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANYP GEÇIRILEN DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINE SOWGATLAR GOWŞURYLDY
2020-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Daşary işler ministrliginiň edarar binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we «Nesil» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Baky Bitarap Türkmenistan – meniň Watanym» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen dabara Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda duşuşyk geçirildi. Oňa daşary sýyasy edarasynyň ýolbaşçylary we ygtyýarly işgärleri, Ilçiler – Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň dip...
«MULTIMODAL ULAG GEÇELGELERINIŇ WE YGTYBARLY INFRASTRUKTURANYŇ KÄMILLEŞDIRILMEGI DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ŞERTI HÖKMÜNDE»
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we inforamtika institutynda «Multimodal ulag geçelgeleriniň we ygtybarly infrastrukturanyň kämilleşdirilmegi durnukly ösüşiň şerti hökmünde» atly tema boýunça plenar mejlisi geçirildi Çärede dünýädäki häzirki ýagdaýlarda aýratyn möhüm bolup durýan ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky ulag gatnaşyklarynyň ösüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy....
TÜRKMENISTANDA BITARAPLYGYŇ PARAHATÇYLYGY, HOWPSUZLYGY WE ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEKDÄKI ORNUNA BAGYŞLANAN HALKARA MASLAHAT GEÇIRILDI
Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahat geçirildi. Halkara derejeli bu maslahata Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Çärä Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Ministerler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhan...
HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNIŇ ÖŇÜSYRASYNDA MÜŇLERÇE ADAM TÜRKMENISTANYŇ RAÝATY BOLDY
2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda ýurdumyzyň Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasport gowşurmak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda 2580 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Karara gol çekdi. Oňa laýyklykda, 874 adam Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama aldy. Çärä ýurdumyzyň ministrlikleriniň we...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ “TÜRKMENISTAN – BITARAPLYGYŇ MEKANY” ATLY TÄZE KITABY ÇAPDAN ÇYKDY
2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitabyň çap edilmegi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe özboluşly sowgat boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow, çäräni açmak bilen, döwlet baştutanymyzyň täz...