SOŇKY HABARLAR
Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşýan döwletleriň wekiliýet baştutanlary bilen duşuşdy
2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Yslamabat şäherinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahbaz Şarifiň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisine gatnaşýan wekiliýet baştutanlary bilen bilelikdäki duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy. Duşuşyk Pakistanyň YHG-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän ýokary derej...
Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 13-nji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 13-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda YHG-nyň Türkmenistan üçin ösüşi ilerletmegiň hakyky guraly bolup galýandygyny belledi. Türkmenistan YHG-nyň 2035-...
Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Yslamabatda geçirilýän çärelerine gatnaşýar
2026-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Pakistanyň Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýokary wezipeli wekilleriniň mejlisi öz işine başlady. Bu mejlis YHG-a agza döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň öňüsyrasynda geçirilýär. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjy döwletleriň wekilleri YHG-nyň giňişliginde söwda-ykdysady, ulag we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatla...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 15-nji noýabrynda Yslamabat şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 30-njy mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen YHG-nyň Baş sekretary Asad Majid Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň YHG-nyň çäklerinde özara hormat goýmak we sebitleýin ö...
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlandy
2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy. Maslahata dünýäniň 200-e golaý ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, ministrler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ekologiýa ulgamyn...
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Antalýa şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary syýasy we beýleki ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arz...