TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmalar boldy. Taraplar ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň...
Aşgabatda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça 2022–2025 ýyllar üçin Maksatnamasynyň Dolandyryjylar komitetiniň her ýylky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa boýunça 2022–2025 ýyllar üçin Maksatnamanyň Dolandyryjylar komitetiniň her ýylky mejlisi üstünlikli geçirildi. Mejlis BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin bölümi bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnamagynda geçirildi. Mejlide türkmen tarapyna Türkmen...
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň nobatdaky mejlisinde Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratmak boýunça beren tabşyrygyndan ugur alnyp, goňşy ýurda ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň...
«C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlik
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Waşington şäherinde, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň binasynda «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagynyň ýubileý duşuşyklaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Merkezi Aziýa döwletleriniň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ABŞ-niň Kongresiniň senatorylary we Wekiller palatasynyň agzalary, döwlet edaralarynyň işgärleri hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-niň işewür toparlarynyň wekil...
Türkmenistan we Eýran sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
2025-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Söhbetdeşler yzygiderli we depginli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki dialog bilen berkidilýän iki ýurduň a...
Türkmenistan ýurduň senagat pudagyna hususy çeşmeleri çekmegi maksat edinýär
Ýurdyň senagat pudagyna hususy sektory giňden çekmek hem-de onuň serişdelerini peýdalanmak, durnukly we yzygiderli ösüş maksatlaryna ýetmek üçin iň täsirli hyzmatdaşlyk görnüşlerini we özara hereket etmegiň dolandyryş mehanizmlerini tapmagy talap edýär. Şonuň üçin-de bu ugurlar ýurduň döwlet maksatnamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösd...
Türkmenistanyň DIM-de Owganystanyň Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabiriň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ministriň orunbasary Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýer titremesi bilen baglanyşykly owgan diplomatyna duýgudaşlyk we goldaw sözlerini bildirdi. A.Gurbanow bu habaryň Türkmenistanda çuňňur gynanç bilen kabul...