TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
В Авазе открылся Инвестиционный форум Туркменистана -TIF 2025
18 сентября 2025 года в Национальной туристической зоне «Аваза» официально открылся Инвестиционный форум Туркменистана (TIF 2025). Это масштабное мероприятие, направленное на привлечение иностранных инвестиций, объединило более 800 делегатов из 45 стран. Среди участников — высокопоставленные государственные деятели, руководители крупнейших международных корпораций, главы инвестиционных банков и ведущие эксперты. Форум открылся обращением Президента Туркменистана Сердара Бердымухамедова, ко...
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa goýum Forumy (TIF 2025) öz işine başlady
2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Maýa goýum Forumy (TIF 2025) resmi taýdan açyldy. Bu iri çäre ýurduň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 800-den gowrak daşary ýurtly we ýerli wekilleri jemledi. Forum «Strategik netijeliligi üpjün edýän faktor hökmünde Türkmenistanyň maýa goýum taýdan özüne çekijiligi» atly plenar mejlis bilen başlady. Mejlisde moderator hökmünde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitri...
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak ugrunda halkara tagallalaryň möhüm tapgyry hökmünde garaýar. Köp sanly wehimleriň ýüze çykmagy hem-de ynanyşmak derejesiniň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän häzirki ýönekeý bolmadyk halkara ýagdaýlarda Birleşen Milletler Guramasynyň mümkinçiliklerini, onuň syýasy-diplomatik gurallaryny, ýokary abraýyny özara kabul ederlikli çözgütleri tapmak we ählumumy hem-de...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ço Syng-Il bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasy bilen uzak möhletleýin gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Taraplar Koreýa kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebitgaz w...
2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar merkezinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Eýranyň ikinji milli forumy geçirildi.
Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda uzak ýyllaryň dowamynda özara bähbitli, konstruktiw we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmen tarapy bu guramanyň işjeň agzasy hökmünde, onuň agza ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen işlerine yzygiderli gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Eýranyň ikinji milli forumyna gatnaşdy. Agzalan foruma Ykd...
Türkmenistanyň DIM-de Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady. Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýet ýolbaşçysy – M.G.Atajanow), Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – S.A.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – K.G.Abadi), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – Z.A.Amanžolowa) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýet ýolbaşçysy – N.N.Udowi...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Emiri bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda Katar Döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özüniň salamyny we çuňňur hormaty baradaky sözlerini ýetirmegi haýyş etdi. Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani häzirki ýeňil bolmadyk...