SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Hytaý Halk Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
2026-njy ýylyň 17-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça dostlukly sapar bilen HHR-e ugrady. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy soňky ýyllarda Türkmenistan bilen HHR-iň arasynda...
Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasynyň çagalaryna ynsanperwer kömegini iberdi
Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, goňşy eýran halkyna, ilkinji nobatda, bu ýurduň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, beýleki önümler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nyşany hökmünde iberildi. Bu çäre Türkmenistanyň...
KHBS üçin maglumat
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý bilen baglylykda, ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanyp, şeýle hem halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarly bolup, daşary ýurt raýatlarynyň, awtoulaglaryň we demir ýol ulaglarynyň hereket edýän düzüminiň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri doly üpjün edýändigini habar berýär. Şol bir wagtyň özünde, döwlet serhedindäki ähli halkara gözegçilik nokatlary adaty...
KHBS ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogardaky ýagdaýyň ýitileşmegi bilen baglylykda aladalanma bildirýär we onuň bu ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça diplomatik tagallalaryň dowam edýän şertlerinde ýüze çykmagynyň gynanç döredýändigini beýan edýär. Türkmenistan BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde ähli çylşyrymly halkara meseleleriň syýasy-diplomatik serişdeleriň we usullaryň ulanylmagy arkaly BMG-niň Tertipnamasynyň we halkara...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar maliýe-maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ministr R.Meredow ykdysady ösüş strategiýasyny amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge, şo...
Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Parlamentindäki duşuşyklar
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Parlamentiniň Jemgyýet palatasynyň başlygy Lindsi Hoýl bilen duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy parlamentara gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan yzygiderli tagallalar üçin hoşallyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, 2011-nji ýylda gol çekilen Özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň düzgünleriniň...
Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň atçylyk gwardiýasynyň ýerleşýän ýerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen duşuşygyna gatnaşdy. Geçirilen duşuşygyň çäklerinde sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dialogy ösdürmek meseleleri ara...