TÄHRANDA TÜRKMENISTANYŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLADY
2019-njy ýylyň 16-njy iýunynda Tähran şäheriniň “Talar-e Wahdat” medeniýet merkezinde Tükmenistanyň Eýran Yslam Respublkasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi.
Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan konsertine Türkmenistandan gelen resmi wekiliýeti, Eýranyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary guramasynyň we beýleki bir-naçe edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, EYR-da akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, ýerli türkmen diasporasynyň, KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Dabaraň başynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow hem-de Eýranyň Medeniýet we yslam aragatnaşyklary guramasynyň başlygy Abuzar Ebrahimi Torkaman gutlag sözleri bilen çykyş edip, gatnaşyjylara öz minnetdarlygyny bildirdiler. Medeniýet günleriniň üstünlikli geçmegini arzuw edip, olaryň çäklerinde geçiriljek çärelere gatnaşmaga çagyrdylar.
Açylyş dabarasynyň meýilnamasy tamamlanmagyndan soňra, güniň ikinji ýarymynda Tähran şäheriniň “Hane-ýe honarmandan” medeniýet merkezine Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, türkmen saz gurallarynyň hem-de muzeý gymmatlyklarynyň sergisiniň açylyş dabarasy hem geçirildi. Bu sergi iýun aýynyň 18-ne çenli öz işini dowam eder.
Şu ýylyň 16-18-nji iýuny aralygynda geçiriljek Tükmenistanyň Eýran Yslam Respublkasyndaky Medeniýet günleriniň dowamynda Tähran şäheriniň Milli kitaphanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyryş dabarasynyň we kitap sergisiniň gurnalmagy, iki ýurduň medeniýet we sungatynyň ussatlarynyň, taryhçylarynyň gatnaşmagyndaky maslahatyň hem-de tegelek stol görnüşindäki söhbetdeşligiň geçirilmegi, türkmen kinofilmleriniň görkezilmegi, we medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň gurnalmagy göz öňünde tutulýar.