YHG-NIŇ MEDENIÝET INSTITUTYNDA ABU SEÝIT ABUL HAÝYRYŇ ŞAHSYÝETINE BAGYŞLANYP TEGELEK STOLY GURNALDY
2019-njy ýylyň 10-njy fewralynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Medeniýet Institutynda Abu Seýit Abul Haýyryň şahsyýetine we durmuşyna bagyşlanyp tegelek stol görnüşinde maslahat geçirildi.
Agzalan maslahat YHG-niň Medeniýet Institutynyň, Eýranyň Yslam medeniýeti we gatnaşyklary guramasynyň hem-de Sungat akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň, Owganystanyň hem-de Täjigistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanalarynyň wekilleriniň, Eýranyň Türkmenistandaky ozalky Ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani, şeýle hem bu ugurda işleýän alymlaryň we professorlaryň gatnaşmaklarynda gurnaldy. Türkmen tarapyndan bu maslahata Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Maslahata gatnaşyjylar Abu Seýit Abul Haýyryň durmuşy, döredijiligi barada söz açyp, onuň taryhda akyldar şahyr hem alym hökmünde yz galdyran şahsyýetdigi barada bellediler. Häzirki zaman alymlary tarapyndan bu mowzuga uly üns berilmegi, öz gezeginde Türkmenistanyň hem-de Eýranyň medeniýet edaralarynyň bu taryhy şahsyýetiniň dünýä derejesinde tanatdyrylmagynda uly jogapkärçilikleriniň bardygy hem nygtaldy. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Abu Seýit Abul Haýyryň döredijiliginiň beýleki şahyrlaryň döredijiligine, hususan-da, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine eden täsiri barada gürrüň edildi we käbir deňeşdirmeler getirildi.