Gurbanguly Berdimuhamedow 2026-njy ýylda Ilham Aliýewi Türkmenistana sapar etmäge çagyrdy

photo

Türkmenistanyň halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi 2026-njy ýylda Türkmenistana sapar etmäge çagyrdy.

Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 7-nji Maslahat duşuşygynda “Azerbaýjan Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Maslahat duşuşygyna doly hukukly gatnaşmagy hakynda” biragyzdan kabul edilen çözgüt bilen baglylykda Prezident Ilham Aliýewe iberen gutlag hatynda aýdylýar.

“Geljek ýylda Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň 8-nji Maslahat duşuşygyna mähirli dogan hem-de dost hökmünde gatnaşmagyňyzy, hormatly Ilham Geýdar ogly, sabyrsyzlyk bilen garaşýarys” diýlip, gutlagda bellenilýär.