SOŇKY HABARLAR
Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Gruziýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy, söwda-ykdysady we ulag-energetika ulgamlarynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Merkezi Aziýa bilen Gara deňiz sebitini birleşdirýän ulag-üstaşyr...
Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy
2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Batumi şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Wise-premýeri, Daşary işler ministri Maka Boçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ministrler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini nygtadylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag-logis...
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň 311-nji mejlisi
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Sekretariatynda Guramanyň Hemişelik wekilleriniň geňeşiniň 311-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda birnäçe möhüm meseleler, şol sanda YHG-na agza döwletleriň içeri işler ministrleriniň 2026-njy ýylyň 29–30-njy oktýabrynda Yslamabat şäherinde geçiriljek 5-nji duşuşygyna, 2026-njy ýylyň 15–16-njy noýabrynda Yslamabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän YHG-nyň Ministrler geňeşiniň 30-njy mejlisine hem-de 2026-nj...
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, şeýle hem ylmy we akademiki jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar. Ç...
«Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmaklarynda we gurnamaklarynda “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy b...
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Türkmenistana sapar bilen geldi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady. Soňra bu ýerdäki ýokary derejeli my...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 19-njy oktýabrynda Samarkant şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň arasynda duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taraplaryň tagallalaryna oňyn baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Waşingtonda geçirilen «C5+1» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň Sammitiniň bilelikdäki tagallala...