img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
10 Noý

Tähranda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäreler

2016-njy ýylyň 7-8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran ş.) Ilçihahansy tarapyndan Tähran şäherinde dabaraly çäreler geçirildi. Ilki bilen Türkmenistanyň wekiliýetiniň Eýranyň Milli Şura Mejlisiniň 110 ýyllyk taryhy bolan kitaphana we resminamalar merkezinde onuň ýolbaşçysy Hamid Reza Majidi bilen merkeziň hünärmenleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmaklarynda duşuşyk geçiri...

DOWAMY
pic
5 Noý

DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY

Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry. Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...

DOWAMY
pic
29 Sen

Tehranda кonsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on ikinji mejlisi geçirildi

2016-njy ýylyň 26-27-nji sentýabrynda Tehranda konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky 12-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň orunbasarynyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bu toparyň işine gatnaşmak üçin Tehrana geldi. Eýran tarapyndan bu topara konsullyk we parlament meseleleri boýunça Daşary işler ministriniň orunbasary Hasan Gaşgawy ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda 2015-nji ýylyň 16-17-nji fewral...

DOWAMY
pic
15 Maý

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleri

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Medeniýet günleri   2016-njy ýylyň 17-21-nji maýy aralygynda EYR-nyň Tähran şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilmegi göz öňünde tutlýar. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna EYR-nyň hökümetiniň, daşary ýurtlaryň akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik toparlaryň wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Bu medeni çäräniň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmakda, m...

DOWAMY
pic
13 Few

Delide Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi

2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda, Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyny ýerine ýetirmek çarçuwasynda, şeýle hem, 2016-njy ýylyň «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Nýu Deli şäheriniň «Täj Mahal» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hindistandaky Ilçihanasy Hindi-Türkmen Dostluk Jemgyýeti bilen bilelikde «Garaşsyzlygynyň  we ösüşiň 25 ýyly: Türkmenistan we Hindistan» atly...

DOWAMY
pic
24 Dek

"GÜNDOGAR-GÜNBATAR” GAZ GEÇIRIJISI AÇYLYP ULANMAGA BERILDI

2015-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri gaz känlerini bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdiren “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Täze gaz geçiriji  Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy stansiýasyndan Hazarýaka sebitindäki “Belek”  gaz gysyjy stansiýasyna çenli çekildi. Bu şatlykly dabara gatnaşmak üçin hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary,  ministrlikleriň w...

DOWAMY
pic
13 Dek

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi

2015-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Mary welaýatynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisiniň hem-de “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň ilkinji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berildi. Bu desgalar başlangyç tapgyrda täze energetika geçirijisiniň serişde binýadyna öwrüler. Dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýakynda ýurdumyza saparlar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, P...

DOWAMY