TÄHRANDA TÜRKMEN-EÝRAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2018-nji ýylyň 12-13-nji maýynda Ministrler Kabinetiniň                      Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda iş sapary bilen boldy.

Tähranda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran Hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Abbas Ahmad Ahundi bilen duşuşdy. Taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini ösdürmegiň täze ugurlary, serhetýaka söwdanyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmak we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şeýle-hem taraplar ýakyn wagtda Türkmenistanda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.   

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze ugurlary kesgitlemek we hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlarynda gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen geljegi bar bolan taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň şu ýylyň 27-28-nji martynda Türkmenistana amala aşyran sapary iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygyň ösmegine uly itergi berdi we gatnaşyklary täze many bilen baýlaşdyryp gol çekilen resminamalarda öz beýanyny tapdy diýip bellenilip geçildi. 

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we olary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar. Mundan başga-da, taraplar özara gyzyklanma bildirýän halkara we sebitleýin gün tertibiniň meseleleriň giň topary barada pikir alyşdylar.

13-nji maýda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýranyň Nebit ministri Bižan Namdar Zangene bilen gepleşikleri geçirdi. Ýangyç-energetika ulgamynda türkmen-eýran gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçilikleri barada maslahatlaşmak bilen, taraplar nebit, gaz ulgamynda we nebithimiýa senagatynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berdiler.

Bu duşuşykdan soňra türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy Ali Ardaşiri Larijani tarapyndan kabul edildi. Gepleşikleriň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtamak bilen, taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda parlamentara gepleşikleri berkitmek bilen birlikde, ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk we iki dostlukly döwletiň arasynda netijeli ynsanperwer gatnaşyklar aýdylyp geçildi.   

Ondan başga-da, saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň EYR-ň Ruhy Lideriniň halkara meseleleri boýunça geňeşçisi Ali Akbar Welaýati, Prezidentiň Diwanynyň we Administrasiýasynyň Başlygy Mahmud Waýezi, Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdan we söwda ministri Mohammad Şariatmadari, EYR-ň söwda we ösüş boýunça guramasynyň başlygy Mojtaba Hosroutaj, EYR-ň ýol we ulag guramasynyň başlygy Hassanniýa, EYR-ň Merkezi Bankynyň başlygynyň orunbasary Ýakubi, EYR-ň Demirýol kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mohammadzade we beýleki resmi adamlar bilen duşuşyklary boldy.

Bu duşuşyklaryň dowamynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, söwda-ykdysady we ulag ulgamlarynda, ýangyç-energetika toplumynda we suw hojalygynda ýola goýlan gepleşikleri geljekde ösdürmekde taraplaryň özara gyzyklanmalaryny belläp geçdiler. Geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça taraplar energetika ulgamynda we demir ýol ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça iki sany teswirnama gol çekdiler.