SOŇKY HABARLAR
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň duşuşygy
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň ulag we aragatnaşyk ministrleriniň IX mejlisi boldy. Onuň gün tertibine sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk pudagyny ösdürmek, bu möhüm ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň — Azerbaýjanyň, Owganystany...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu iri möçberli düzümleýin taslama Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ähli ýurtlary üçin, hakykatdan-da, strategik ähmiýete eýedir, onuň amala aşyrylmagy biziň döwletlerimizi hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarar, olaryň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, üstaşyr gatnawlaryň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň o...
AWAZADA (TÜRKMENBAŞY ŞÄHERI) “BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY –TÄZE ÖSÜŞLERE TARAP” ATLY HALKARA FORUMY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 2-nji maýynda “Awaza” (Türkmenbaşy şäheri) Kongresler merkezinde “Beýik Ýüpek ýoly – täze ösüşlere tarap” atly Halkara forumy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Mejlisi açmak bilen, ýurduň ýolbaşçysy “Beýik Ýüpek ýoly – täze ösüşlere tarap” atly Halkara forumynyň işine, şeýle hem Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň açylyşyna gatnaşmaga bolan çakylyga seslenme üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Biz dürli döwletleriň ýok...
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýollar we şäher ösüşi ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şäher ösüşi ministri Iran Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi. Myhman duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Pursatdan peýdalanyp, Abbas Ahmad Ahundi hormatly Prez...
AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI
AŞGABATDA BMG-NIŇ GLOBAL KONTRTERRORISTIK STRATEGIÝASYNY AMALA AŞYRMAK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MEJLISI GEÇIRILDI 2018-nji ýylyň 30-njy aprelinde Aşgabatda «Merkezi Aziýada BMG-niň Global Kontrterroristik strategiýasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilmegine tarap» atly Merkezi Aziýa döwletleriniň bilelikdäki iş meýilnamasynyň amala aşyrylşy boýunça ýokary derejeli mejlisi, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasyny goldamakda bilelikdäki taslamasynyň üçünji tapgyrynyň işe...
СООБЩЕНИЕ ДЛЯ ПРЕССЫ (اطلاعیه مطبوعاتی)
В последние дни в средствах массовой информации Ирана и других государств получило распространение искаженная информация о, якобы, имевшем месте неправомерных действиях пограничных служб Туркменистана в отношении иранского судна. Туркменская сторона заявляет, что 21 марта 2018 года в территориальных водах Туркменистана, в 3-4 км от береговой линии Туркменистана, на Каспии пограничными службами Туркменистана была пресечена попытка контрабандного провоза крупной партии наркотических средств группо...
TÜRKMENISTAN-OWGANYSTAN-PAKISTAN-HINDISTAN GAZ GEÇIRIJISINIŇ OWGAN BÖLEGINIŇ GURLUŞYGYNA BADALGA BERILDI
2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçrijileriniň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy täze demir ýoly ulanmaga berildi. Dabaralara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gan...