TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NYŇ GENDER DEŇLIGINE BAGYŞLANAN MEJLISINE GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 8-nji maýynda Wena şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ynsanperwer meseleleri boýunça komitetiniň “Gender deňligi” temasyna bagyşlanan mejlisi bolup geçdi. Bu duşuşyga Türkmenistanyň Adalatçysy Ý.Gurbannazarowa gatnaşdy we Türkmenistanda gender ýagdaýy barada çykyş etdi.

Ý.Gurbannazarowa öz çykyşynda Türkmenistanyň gender syýasaty, aýal-gyzlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, sosial we medeni durmuşynda deň hukukly gatnaşýandygy barada belledi.  Hususan-da, ol gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýylar üçin milli iş meýilnamasynyň çaklerinde alnyp barylýan Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan amala aşyrylan anyk çäreler we işler barada gürrüň berdi. Adalatçy Türkmenistanda zenanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, olar üçin ähli ugurlarda deň şertleri döretmek boýunça işler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara borçnamalara, zenanlaryň ýagdaýy boýunça VI Bütindünýä konferensiýasynyň (Pekin 1995ý.) teklipnamalaryna we BMG-niň esasy resminamalaryna  laýyklykda alnyp barylýandygyny nygtady.

Şeýle hem ýygnagyň dowamynda Ý.Gurbannazarowa ýygnaga gatnaşyjylara 2017-nji ýylyň mart aýynda açylan Adalatçynyň institutynyň umumy alyp barýan işi barada gürrüň berdi. Mundan başga-da Adalatçynyň institutynyň ÝHHG, BMG, beýleki halkara guramalary hem-de raýat jemgyýetiniň wekilleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dogrusynda aýdyldy.