img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDAKY TELEFON SÖHBETDEŞLIGI HAKYNDA

2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda rus tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi we onuň dowamynda iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu söhbetdeşligiň çäklerinde esasy üns ýokary derejedäki türkmen-rus duşuşygynyň taýýarlygyna gönükdirildi.

DOWAMY
pic
24 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ERMENISTANA RESMI SAPARY

2017-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda resmi sapar bilen geldi. Ýerewanyň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli türkmen myhmanyny Ermenistanyň ýokary derejeli resmi wekilleri garşyladylar. Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtomobil kerweni saparyň dowamynda Türkmenistanyň Baştutanynyň  kabulhanasy bolan döwrebap  “Radisson Blu” myhmanhanasyna geldi. 24-nji awgustda irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurban...

DOWAMY
pic
9 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ AZERBAÝJANA RESMI SAPARY

2017-nji ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Olar türkmen Liderini azerbaýjan topragynda mähirli mübäreklediler. Howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasyna tar...

DOWAMY
pic
28 Iýul

Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...

DOWAMY
pic
20 Apr

UNESKO halkara guramasy bilen bilelikde Tähranda geçirlen Bütündünýä Saglyk güni we V Aziýa oýunlary bilen bagly çäre (AIMAG-2017)

Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan sport syýasaty esasynda, Türkmenistanda 2017-nji ýylyň Sagdynlygyň we Ruhybelentligiň ýyly diýlip yglan edilmegi we ýakynlap gelýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli 2017-njy ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran ş.) Ilçihahansy tarapyndan Tähran şäherinde dabaraly çäre geçirildi. Bu çäre UNESKO halkara guramasynyň Tährandaky sebitleýin wekilhanasy, EYR-nyň Sport we ýaşlar minist...

DOWAMY
pic
4 Ýan

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär. EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys.  Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgün...

DOWAMY
pic
3 Ýan

KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT

Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň  türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär...

DOWAMY