TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
SOŇKY HABARLAR
YHG-ň bilelikdäki söwda zolaklary boyunç iş toparynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 5-nji martynda, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, sekretariatynda bilelikdäki söwda zolaklary döretmek boýunça toparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýranyň degişli döwlet edaralarynyň ygtyýarly wekillerinden düzülen işçi toparynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda, türkmen-eýran serhedinde söwda bazarçasyny gurmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Teklip edilýän serhetýaka söwda bazarçasynyň, YHG-ň sebitinde we iki ýurdyň arasynda serhetara söwdany ösdürmekde h...
Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 4-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw e...
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy jenap Stipraýsy jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa üstünlikleri arzuw etdi. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda Merkezi Aziý...
Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçisi agaç ekmek dabarasyna gatnaşdy
Resmi dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Daşky gurşaw boýunça wise-prezidenti we Daşky gurşawy goramak guramasynyň başlygy hanym Şena Ansari tarapyndan açyldy. Agaç ekmek dabarasy Tähranyň Pardisan tebigy seýilgähiniň günorta tarapynda geçirildi we oňa daşary ýurtlaryň wekilleri, ilçiler we diplomatlar çärede parahatçylygyň we dostlugyň nyşany hökmünde zeýtun agaçlaryny oturan.
Ispaniýanyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň DIM-de Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Rikardo Martines Waskesiň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. A.Gurbanow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bo...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Katar Döwletiniň Emiri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
2025-nji ýylyň 3-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Kataryň Emiri birek-biregi we iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutladylar hem-de bu mübärek aýda tutuljak orazalaryň, amal ediljek ybadatlaryň, ýagşy doga-dilegleriň Beýik Bir...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory hanym Wibke Şlýomer bilen duşuşdy. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, myhman...