SOŇKY HABARLAR
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň “Nowosti” habarlar agentligi, Gyrgyz Respublikasynyň Tokmok şäherinde bolup geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşýan döwletleriň serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň 80-nji mejlisiniň jemlerine salgylanmak bilen, hamana, türken-owgan serhetinde ýagdaýyň ýitileşenligi barada ýalan habary ýaýratdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler minsitrligi bu habaryň hakykata laýyk gelmeýänligini we ony Türkmenistan ba...
TÄHRANDA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 27 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY KABUL EDIŞLIK GURNALDY
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2018-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Tähran şäherinde ýerleşýän halkara “Parsian Esteghlal” myhmanhanasynyň dabaralar zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik gurnaldy. Bu çära Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri, Daşary işler we Nebit ministrleriniň orunbasarlary, Gülüstan welaýatynyň häkimi, Mejlisiň deputatlary, we başgada birnäçe ýokary wezipeli wekiller, Eýra...
TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK KORPUSYŇ WEKILLERINIŇ AHAL WELAÝATYNDA ÝERLEŞÝÄN DÜZEDIŞ EDARASYNA SAPARY
2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Rumyniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň, ÝHHG-nyň Merkeziniň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň wekilhanalarynyň baştutanlary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasyna tanyşlyk sapary bilen bardylar. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasy...
AŞGABATDA AGYR ATLETIKA BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATY DABARALY ÝAGDAÝDA AÇYLDY
2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Hormat garawulynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy meýdança getirildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra sport topl...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ GATNAŞMAGYNDA GYÝANLYDA GAZHIMIÝA TOPLUMY AÇYLDY
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda ir säher bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow polietileni we polipropileni öndürmek boýunça sebitde iň iri gazhimiýa toplumy bolan polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gyýanly şäherçesine bardy. Bu dabara hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň baştutanlary, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalaryň, şeýle hem daşary ýurt kompa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYÝANLYDA GEÇIRILEN NAHAL EKMEK ÇÄRESINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda işe girizilmegi bilen 1000-e golaý iş ýerini döretmäge mümkinçilik beren Gyýanly şäherçesiniň polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, soňra täze gazhimiýa toplumynyň ýanynda ilkinji agajy ekmek bilen güýzki nahal ekmek möwsümine badalga berdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjyna halk hojalygynyň pudaklarynyň hemmesiniň diýen ýaly wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar, şeýle-de Türkmenistanda akkredit...
GYÝANLY POLIMER TOPLUMYNYŇ INNOWASIONLYGY WE NETIJELILIGI HALKARA ŞAHADATNAMALARY BILEN BELLENILDI
2018-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Gyýanly gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda täze önümçiligiň netijeliligi, innowasion we ekologiki taýdan howpsuzlygyny tassyklaýan şahadatnamalary gowşuryş dabarasy boldy. Kärhanada ýylda 386 müň tonna ýokary dykyzlykly polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndüriljek 5 milliard kubmetr gaz gaýtadan işleniler. Innowasion tehnologiýalar esasynda işleýän bu kärhananyň aýratyn ünsi daş-töwrege akdyrylýan gazlaryň täze filtrasiýalarynyň we olaryň geljek...