SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI TERRORÇYLYGA GARŞY GÖREŞMEK BOÝUNÇA ÝOKARY DEREJELI MASLAHATA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 16-17-nji maýynda Duşanbede «Terrorçylyga we onuň maliýeleşdirilmegine, şol sanda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna we gyramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmekde halkara we sebitleýin hyzmatdaşlyk» atly ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet maslahatda Türkmenistana wekilçilik etdi. Bu maslahat Täjigistan Respublikasynyň hökümeti tarapyndan BMG, ÝB, ÝHHG we beýleki abraýly halkara guramala...
BMG-NIŇ EDARALARYNA SAÝLANMAGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ IŞ MEÝILNAMASYNY TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA PUDAGARA IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI
2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2020-2022-nji ýyllar üçin Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň, 2020-2024-nji ýyllar üçin Ilat we ösüş Komissiýasynyň we 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça täze döredilen Pudagara iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistan Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Guramaçylyk mejlisini...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI ASEAN-DA AKKREDITIRLENDI
2019-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň Assosiasiýasynyň (ASEAN) Baş sekretary Lim Joek Hoý-a özüniň ýurduň bu guramadaky wekili hökmünde bellenmegi baradaky Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hatyny gowşurdy. Hat gowşurylandan soňra Ilçi we Baş sekretar ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdiler. Onuň dowamynda Baş sekretar Lim Joek Hoý Türkmenistan bilen ASEAN-yň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ OBA HOJALYKDA GAZANANLARYNYŇ SERGISI HEM-DE HALKARA YLMY MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň we «Türkmenistanyň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk ulgamynda ýetilen sepgitler we öňde durýan möhüm wezipeler» atly halkara ylmy maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä hem-de halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag haty okaldy. Sergä türkmen alymlary we b...
TÜRKMENISTAN WE WÝETNAM KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGI GÖZ ÖŇÜNDE TUTÝARLAR
2019-njy ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Wýetnamyň Kommunstik Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň halkara bölüminiň başlygynyň orunbasary Nguen Tuan Fongyň ýolbaşçylygyndaky Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyklaryny belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda döwletara saparlarynyň guralmagynyň, has...
TÜRKMENISTAN HELÄKÇILIKLERIŇ HOWPUNYŇ AZALDYLMAGY BOÝUNÇA GLOBAL PLATFORMASYNYŇ IŞINE GATNAŞÝAR
2019-njy ýylyň 13-17-nji maýy aralygynda Ženewada «Durnuklylygyň gazanylmagyndaky üstünlikler: durnukly we inklýuziw jemgyýetleriň ýolunda» ady bilen heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Global platformanyň 6-njy mejlisi geçirilýär. Bu Forumda Türkmenistanyň Goranmak ministriniň orunbasarynyň, Goranmak ministrliginiň raýat goranyş we halas ediş işleri boýunça baş Müdirliginiň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana wekilçilik edýär. Heläkçilikleriň azaldylmagy boýunça Global pl...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÖZBEGISTANYŇ MEDENIÝET MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA gatnaşyjy-döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV Forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri Bahtiýor Saýfullaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ugurlar boýunça iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp geçdiler, has takygy medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alny...