SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Premýer-ministr N.Paşinýanyň ýolbaşçylygyndaky Ermenistan Respublikasynyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi. Saparyň çäklerinde Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dürli ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlary barada pikir...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK WEKILI BILEN BMG-NIŇ ŽENEWADAKY EDARASYNYŇ BAŞ DIREKTORY TATÝANA WALOWAÝANYŇ DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 10-njy oktýabrynda Ženewada Milletler köşgünde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili bilen täzeden wezipä bellenilen BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ilkinji nobatda, Türkmenistanyň hemişelik wekili Türkmenistanyň baştutanynyň adyndan onuň möhüm diplomatiki wezipa bellenilmegi mynasybetli hoşallyk we gutlag sözlerini aýtdy. Gepleşigiň dowamynda Baş direktor Baş Assambleýanyň 74-nji s...
AŞGABATDA GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILER
2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Bu sammitiň işine gatnaşmak maksady bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Ra...
TÜRKMENISTANYŇ WE ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Z.Mnasakanýan bilen duşuşygy geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika, ulag gatna...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-täjik gatnaşyklaryna degişli bolan meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine möhüm itergi berýän ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýetliligi bel...
TÄHRANDA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 28 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY KABUL EDIŞLIK GURNALDY
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Tähran şäherinde ýerleşýän “Parsian Azadi” myhmanhanasynyň dabaralar zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik gurnaldy. Bu çära Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri, Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi, Senagat, magdanlar we söwda ministriniň orunbasary, Mejlisiň deputatlary, we başgada birnäçe ýokary wezipeli wekiller, Eýrand...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.W.Beskostyý bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, taraplar abraýly sebit hem-de halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň, ÝHHG-niň we GDA-nyň çäkler...