SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE EÝRANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DEREJESINDE SYÝASY GEŇEŞMELER
2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde wideokonferensiýa görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Ikitraraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine meýillidiklerini mälim etmek bilen, taraplar sebitara meseleleriniň birnäçesini hem-de halkara giňişligindäki özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň Döwlet baştutanlarynyň we daşary s...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SÖWDA-SENAGAT EDARASYNYŇ HOWANDARLYGYNYŇ ASTYNDA GEÇEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gatnaşyjy-döwletleriniň Söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň nobatdan daşary duşuşygy geçirildi. Mejlis wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň barşynda Türkiýäniň, Pakistanyň, Eýranyň wekilleri, şeýle-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy çykyş etdiler. Bu duşuşyk taraplara YHG-nyň ýurtlarynyň ara...
BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASY (BSG) BILEN HYZMATDAŞLYK IŞJEŇLEŞDIRILÝÄR
2020-nji ýylyň 5-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy bilen Bütindünýä söwda guramasynyň hünärmenleri bilen onlaýn görnüşde iş duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BSG-niň hünärmenlerini ýurdumyzyň BSG-da synçy derejesini almagy üçin geçirilýän netijeli işler barada tanyşdyrdy. Mundan başga-da 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde we 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY GEÇIRILEN ÝOKARY DEREJEDÄKI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy. Onuň gün tertibine häzirki döwürde tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin täze, çynlakaý wehime öwrülen koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri girizildi. Şu gezekki ýokary derejedäki duşuşykda Goşulyşmazl...
TDIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA WIDEOKONFERENSIÝA GURNALDY
2020-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Energetika Hartiýasynyň Baş Sekretary Urban Rusnak göni wideoaragatnaşyk arkaly leksiýa bilen çykyş etdi. Energetika Hartiýasynyň alyp barýan işine we onuň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna bagyşlanan leksiýa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar. Okuw sapagynyň bar...
TÜRKMENISTAN GOŇŞY OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI IBERDI
2020-nji ýylyň 2-nji maýynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 30-njy aprelde gol çekildi. Goňşy ýurduň Farýab welaýatynyň häkimi we wekilleri türkmen halkynyň adyndan ýollanan kömegi minnetdarlyk bilen kabul etdiler hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna berýän hemmetaraplaýyn goldawy we ýardamy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýürekden çykýan sag bolsunlaryny beýan e...
BSG-NYŇ ÝEWROPA SEBITLEÝIN EDARASYNYŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory Hans Klýuge bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň wekilleri, şeýle-de BSG-nyň Aşgabatdaky ýurt boýunça edarasynyň başlygy gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar dünýä ýurtlarynyň ählisiniň koronawirus pandemiýasyna g...