SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI ÝOKARY GURAMAÇYLYK DEREJESINDE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň iň ýokary umumymilli forumy bolan – Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Dünýäde häzirki epidemiologiki ýagdaýlaryň nazarda tutulmagy bilen Aşgabat şäherinde badalga berlen Türkmenistanyň Milli Geňeşine ýurduň welaýatlaryndan gatnaşyjylar onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine Mejlisiň Başlygy, Ministrler...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUŇ DURNUKLY ÖSÜŞI ÜÇIN SAGLYGY GORAÝYŞ WE BILIM ULGAMLARYNY KÄMILLEŞDIRMEK MESELELERI BARADA AÝRATYN BELLEDI
Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň durnukly ösüşi çygrynda saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny ösdürmegiň wajyplygy barada aýratyn belläp geçdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, saglygy goraýyş ulgamyndaky işgärleri höweslendirmek we COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy göreşde olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak – häzirki wagtda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti...
TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNA KONSTITUSION ÜÝTGEŞMELER GIRIZILER
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kanun çykaryjy häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň işini ösdürmeklige gönükdirilen, konstitusion özgertmelere serediler. Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşi hem-de onuň Halk maslahaty we Mejlis atly iki palataly Parlament dörediler. Ýokarda agzalanlara degişli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň degişli resminamalary kabul ediler.
ABŞ-NYŇ HALKARA ÖSÜŞ AGENTLIGINIŇ WEKILLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň Türkmenistandaky wekili N.Nadiradze bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň başynda N.Nadiradze türkmen tarapyny ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, şeýle-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de türkmen halkyna parahatçylyk we asudalyk arzuw etdi. W.Hajiýew öz gezeginde N.Nadiradzeny ABŞ-nyň...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI AŞGABATDA ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 25-nji sentýabrda Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Dünýädäki epidemiologiki ýagdaý sebäpli, mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Halk Maslahatynyň mejlisiniň işine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýaşulular, ähli pudaklaryň wekilleri, Türkmenistany...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 75-NJI SESSIÝASYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA SYÝASATYNDA YNANYŞMAGY DIKELTMEGIŇ ÄHMIÝETINI NYGTADY
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň ýokary derejeli hepdeligi başlady. Hut şol gün-de hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy göni ýaýlymda goýberildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu sessiýasynyň kyn döwre gabat gelendigini belläp, Türkmen Baştutany, gynansak-da häzirki wagtda dünýäde ýüze çykýan, halkara hukugynyň goraglylygyna täsir edýän harby-syýasy bäsdeşlik netijesinde emele gelen ählumumy halkara ýagdaýa t...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI DÜNÝÄ YKDYSADYÝETINI DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLUNA ÇYKARMAK ÜÇIN PLATFORMALARY DÖRETMÄGE ÇAGYRDY
2020-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdeligi BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda başlandy. Bu gün döwlet we hökümet baştutanlarynyň wideo çykyşlary goýberilip başlandy. Ilkinjileriň biri bolup, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy görkezildi. Türkmenistanyň Baştutany öz ýüzlenmesinde şu ýyl kyn döwri başdan geçirýän dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy barada aýdyp geçdi. Durnukly ösüş ma...