SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI HALKARA HYZMATDAŞLAR BILEN BILELIKDÄKI TASLAMALARYŇ WE MAKSATNAMALARYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINIŇ DEPGININI ARA ALYP MASLAHATLAŞDY
2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň agentlikleriniň we halkara maliýe institutlarynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň esasy ulgamlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ugry boýunça bilelikdäki meýilnamalaryň hem-de maksatnamalaryň netijeliligini belläp geçdiler. Şu ýylyň mar...
«TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY - 2020» HALKARA ÝUBILEÝ FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2020-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020» atly ýubileý XXV Halkara maslahaty öz işine başlady. Bu abraýly halkara forum «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernleri tarapyndan «Тürkmenforum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Ýokary derejeli maslahata Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş pudak edaralarynyň, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýerli, şonuň ý...
TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSDÜRILMEGINE YGRARLYDYRLAR
2020-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Administratiw edarasynyň başlygy Mohammad Şaker Kargar bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Işjeň gepleşikleriň barşynda hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklaryň ýokary derejä eýe bolup durýandygy bellenildi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Baştutanynyň goň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ÝHHG-NIŇ HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA KOMITETINIŇ NOBATDAKY MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI BEÝANNAMA BILEN ÇYKYŞ ETDI
2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) Howpsuzlyk meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan howpsuzlyk strategiýasy” atly beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde Hemişelik Bitaraplyk statusynyň halkara derejesinde ykra...
«BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA» TEMASY BOÝUNÇA ONLAÝN GÖRNÜŞINDÄKI DIPLOMATIK OKUWLAR ÖZ IŞINI TAMAMLADY
2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guranamagynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük diplomatik okuwlar öz işini tamamlady. Ýapylyş dabarasyna Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Türkmenistanyň DIM-niň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory we Halkara yn...
TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA BILELIKDÄKI KOMITETINIŇ ÜÇÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiniň üçünji mejlisi wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, emirlikleriň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýan ýolbaşçylyk etdiler. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň ýo...
AŞGABATDA «BITARAP TÜRKMENISTAN – PARAHATÇYLYGYŇ, DURNUKLYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA» TEMASY BOÝUNÇA ONLAÝN GÖRNÜŞINDÄKI DIPLOMATIK OKUWLAR BAŞLADY
2020-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guranamagynda «Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük diplomatik okuwlar başlady. Bu okuwlara dünýäniň 15 ýurdundan, hususan-da Owganystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Awstriýadan, ABŞ-dan, Wengriýadan, Günor...