SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURTLARDA TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ, WELAÝAT, ETRAP WE ŞÄHER HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARY GEÇIRILÝÄR
Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň giň alternatiw esasynda Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär. Saýlawlara gatnaşmagyň işjeňligi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyklarynda açylan 42 saýlaw uçastoklarynda-da bellendi. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda daşary ýurtdaky raýatlarymyzy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 24-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. 26-njy martda geçiriljek milli parlamentiň deputatlarynyň, ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň ýurdumyzyň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakadygyny Türkmenistanyň Prezidenti belled...
ВСТРЕЧА В МИД ТУРКМЕНИСТАНА С ГЕНЕРАЛЬНЫМ СЕКРЕТАРЕМ СНГ
24 марта 2023 года Министр иностранных дел Рашид Мередов провёл переговоры с Генеральным секретарём Содружества Независимых Государств Сергеем Лебедевым, прибывшим в туркменскую столицу во главе Миссии наблюдателей от СНГ для участия в оценке выборов депутатов Меджлиса Туркменистана и членов местных представительных органов власти, которые состоятся 26 марта 2023 года. В рамках обсуждения организационных аспектов подготовки к выборам была выражена благодарность руководству Туркменистана за со...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GDA-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Arkadagymyz GDA-nyň synçylar toparynyň 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň agzalarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. GDA-nyň Baş sekretary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar...
TÜRKMENISTANDA ARGENTINA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI AKKREDITIRLENDI
2023-nji ýylyň 23-nji martynda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Eduardo Antonio Zuaýndan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň ugry boýunça işjeň ösdürilýän dostlukly we geljegi uly döwletara gatnaşyklar ulgamynda üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşygyň çäklerinde diplomat ýurdumyzyň d...
ARGENTINA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 23-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen, Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen, Argentina Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Eduardo Antonio Zuaýnyň arasynda duşuşyk geçirildi. Ynanç hatlaryny gowşurylyşyň çäklerinde Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hemaýat etmäge we goldaw bermäge ta...
YSRAÝYLYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE ÖZ YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2023-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen duşuşyk geçirdi we onuň dowamynda ynanç hatlarynynyň nusgalaryny kabul etdi. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Ilçini bu wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki işiniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň çäklerinde diplomatlar özara gyzyklanma b...