TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 7-nji martynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň Premýer-ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde Türkmenistana gelen Gruziýanyň Daşary işler ministri hanym Maka Botçorişwiliniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar ýokary derejedäki gatnaşyklaryň, hususan-da Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň häzirki wagtda Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm o...
Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi
2025-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim, habar beriş serişdeleri hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek b...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi, iki ýurduň dostlukly halklaryny mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar we bu mübärek aýda ediljek doga-dilegleriň Beýik Allatagalanyň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler. Türkmenistanyň Prezidenti özara hormat goýmaga, d...
Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň Maliýe institutlary boýunça müdirliginiň dolandyryjy direktory Fransiz Maližyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Wekiliýetiň saparynyň esasy maksady Türkmenistanyň bank ulgamynyň zerurlyklaryny öwrenmekden we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr. Duşuşyg...
YHG-ň bilelikdäki söwda zolaklary boyunç iş toparynyň duşuşygy
2025-nji ýylyň 5-nji martynda, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, sekretariatynda bilelikdäki söwda zolaklary döretmek boýunça toparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýranyň degişli döwlet edaralarynyň ygtyýarly wekillerinden düzülen işçi toparynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda, türkmen-eýran serhedinde söwda bazarçasyny gurmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Teklip edilýän serhetýaka söwda bazarçasynyň, YHG-ň sebitinde we iki ýurdyň arasynda serhetara söwdany ösdürmekde h...
Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 4-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Martines Waskesden ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw e...
ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy jenap Stipraýsy jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa üstünlikleri arzuw etdi. Taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda Merkezi Aziý...