TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Alžiriň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň (oturýan ýeri Ankara ş.) täze bellenilen Ilçisi Amara Belaniniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Ministriň orunbasary Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň türkmen-alžir gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky diplomatik missiýasyny ýerine ýetirmekde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. S...
Aşgabatda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyna bagyşlanan metbugat forumy geçirildi
25-nji noýabrda Sport myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Kuraş boýunça dünýä çempionaty - dünýä KHBS-de” atly halkara media-forum geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, milli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary, şeýle hem Halkara Kuraş birleşiginiň ýolbaşçylar düzümi gatnaşdy. Forumyň çäklerinde häzirki guramaçylyk meseleleri beýan edildi. Gatnaşyjylaryň esasy ünsi çempionaty maglumat bilen üpjün etmek meselesi...
Türkmenistanyň wekiliýeti SPEKA-nyň Sammitine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Bakuda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy döwletleriň we hökümetleriniň Baştutanlarynyň ilkinji Sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Ýörite maksatnama döredileninden bäri 25 ýyllyk taryhynyň dowamynda SPEKA-nyň çäklerinde gatnaşyjy ý...
Türkmenistan bilen Gananyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabatda sapar bilen bolýan Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebitleýin integrasiýa ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşlikleriň barşynda Ministr iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlaryň giň geriminde özara gatnaşyklary has-da güýçlendirmek nukdaýnazryndan, ýakynda iki ýurduň daşary...
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndfaky Medaniýet günleri
Eýranyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen medeniýetine we bagşyçylyk sungatyna bagyşlanan sergi guraldy.
Eyran Yslam Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi
2023-nji ýylyň 23-25-nji noýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň taryhy we medeni Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Medeniýet günleri geçirildi. Çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary, türkmen filmleriniň görkezilişi, şeýle hem türkmen medeniýetine bagyşlanan sergi guraldy. Şeýle hem bu döredijilik çäresine ýurdumyzyň tanymal artistleri, Türkmenistanyň Döwlet...
Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň bellenmegi ÝUNESKO-nyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi
2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESСO) Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edilen kararnama laýyklykda, Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda UNESСO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bu waka dünýä edebiýatynda we halkara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek nukdaýnazaryndan türkmen nusgawy...