TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TDIM-DE TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ ARASYNDAKY SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 28-nji iýunynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy H.Tsubaý we Kawasaki Heavy Ind. Ltd kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory K.Sanada bilen duşuşdy. R.Meredow häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä ýetendigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň Liderleri döwletara hyzmatdaşlygyň durmuşa geçirilmegine itergi bermek üçin aýratyn tagalla edýärler. Yzygider häsiýe...
HYTAÝYŇ MILLI NEBITGAZ KORPORASIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2023-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabatda bolýan Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) prezidenti Hou Siszýun bilen duşuşdy. Gepleşikleriň çäginde özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy seljerildi hem-de bar bolan mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşyldy. Iki döwletiň Baştutanlarynyň arasynda geçirilýän yzygiderli duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň türkmen-hytaý gatn...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE TÄJIGISTANYŇ TÄZE ILÇISI KABUL EDILDI
2023-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wafo Niýatbekzoda bilen duşuşdy we onuň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. Duşuşygyň barşynda diplomatlar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Ministr türkmen tarapynyň ilçä dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtaland...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WELOSIPEDÇILERIŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ WISE-PREZIDENTINI KABUL ETDI
2023-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Welosipedçileriň halkara birleşiginiň wise-prezidenti, Aziýa welosport konfederasiýasynyň prezidenti Osama Al Şafary kabul etdi. Myhman Welosipedçileriň halkara birleşiginiň welosiped sportunyň ösdürilmegine uly goşant goşýan ýurdumyz bilen däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Döwlet Baştutany myhmany mübärekläp hem-de hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki sap...
TÜRKMENISTAN BILEN LITWANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-litwa DIM-ara geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, litwa tarapyna - Litwa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mantas Adomenas ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibine seredilip geçildi. Taraplar ulag we logistika infrastrukturasy, energetika, daşky gurşaw m...
TÜRKMEN-ITALÝAN DIM-ARA GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2023-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy meseleler boýunça Baş departamentiniň Merkezi Aziýa boýunça utgaşdyryjysy, Ilçi Janluka Grandiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn gün tertibindäki meseleler, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarynda türkmen-italýan gatnaşyklarynyň ösüşiniň mümkinçilikleri barada piki...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETINIŇ BAE SAPARY TAMAMLANDY
2023-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäginde Emirlikleriň Strategiki gözleg we ösüş merkeziniň baş direktory doktor Soltan Mohammed Al Nuaimi bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşykda türkmen diplomaty Türkmenistanyň BAE bilen doganlyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny belläp, türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga umyt bildirdi. Soňra tanyşdyryly...