RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA ÇYKYŞ ETDI

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy. Bu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyz...

DOWAMY
pic
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “C5+1” KÖPTARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň birinji duşuşygyna gatnaşdy.  Bu sammit meseleleriň giň toplumyny, şol sanda sebit howpsuzlygy, söwda we özara baglanyşyk, howanyň üýtgemegi hem-de dolandyrmagy gowulandyrmak we kanunyň ileri tutulmagyny üpjün etmek maksady bilen dowam edýän özgertmeler bilen baglanyşykly me...

DOWAMY
pic
19 Sen

MERKEZI AZIÝA WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PARLAMENT ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ILKINJI FORUMY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň “Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek” atly ilkinji Maslahata gatnaşdy. Şeýle hem duşuşyga, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşç...

DOWAMY
pic
18 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Tükmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz Ýewropa Bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şol dialog bolsa ýylsaýyn giňelip, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu halkara düzümi bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem “Ýewropa Bileleşi...

DOWAMY
pic
17 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PARLAMENT WEKILIÝETI KOREÝA RESPUBLIKASYNDA SAPARDA BOLÝAR

2023-nji ýylyň 17-19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň maksady Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat. 2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Inçon halkara howa menzilinde D.Gulmanowa “Koreýa-Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Li Dal Gon bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar parlamentara gatnaşyklaryny ö...

DOWAMY
pic
17 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ NÝU-ÝORKA IŞ SAPARY BAŞLANDY

2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda geçirilýän 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna ugrady. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegine, şol sanda energetika, ulag, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsan...

DOWAMY
pic
15 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNY ESASLANDYRYJY DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ SAMMITINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynda iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda geçýän ýokary derejedäki bäştaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respubl...

DOWAMY