RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
28 Sen

TÜRKMEN-ISPAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2023-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Markos Gomes Martinesiň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. M.Bäşimowa Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we onuň diplomatik işini amala aşyrmakda türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny nygtady. Diplomatlar döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslaha...

DOWAMY
pic
28 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE EÝRANYŇ WEKILÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň hakimi Ali Mohammad Zanganeniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga gelen wekilýet bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini nygtap geçdiler. Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen...

DOWAMY
pic
26 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy. Diplomat Türkmenistanyň Prezidentine Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň iberen mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyn...

DOWAMY
pic
26 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «CLAAS» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY, GERMAN YKDYSADYÝETINIŇ GÜNDOGAR KOMITETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GFR-iň «CLAAS» kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzeri kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy bilen gutlady we ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şunda «CLAAS» kompaniýasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy, munuň üçin ýurdumy...

DOWAMY
pic
26 Sen

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY “BOUYGUES” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Bouygues” kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bu ugurda öňdebaryjy tejribäni, innowasiýa tehnologiý...

DOWAMY
pic
26 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «CARPI TECH» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «CARPI Tech» kompaniýasynyň baş direktory Fransua Troneli we kompaniýanyň hormatly prezidenti Alberto Maria Skuerony kabul etdi. Myhmanlar döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Döwlet Baştutanymyz myhmanlara gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň gyzyklanma bildirýän öňdebaryjy k...

DOWAMY
pic
26 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «CIFAL» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Cifal» kompaniýasynyň prezidenti Žil Remini kabul etdi. Işewür döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady we türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk arzuw etdi. Fransiýanyň we tutuş Ýewropanyň işewür toparlary okgunly ösýän Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy, munuň üçin ýurdumyzda oňyn ykdysady hyzmatdaşlyk üçin amatly şertler döredilendigi be...

DOWAMY