img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

photo

Onuň Alyhezreti 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistan bilen dostluga hemişe wepaly bolup gelýär. Geljekde hem bu dostluk has-da berkidiler. Türkmenistan biziň üçin oňat goňşy we ygtybarly hyzmatdaş bolup durýar. Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyryljakdygyna we rowaçlanjakdygyna ynanýarys.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, Türkmenistanyň dostlukly hem-de doganlyk halkyna bolsa bagt we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hasan Ruhani,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.