img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ DABARALANMAGY

photo

2017-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ýurdumyzyň Balkan welaýatynda Bereket menzilinde täze lokomatiw deposy açylyp ullanmaga berilipdi. Bereket menzili Gazagystan–Türkmenistan–Eýran transmilli demir ýolunyň möhüm bölegi bolup, bu ýerde täze lokomotiw deposynyň işe girizilmegi iri demir ýol kärhanasynyň işini täze derejä çykarmaga, lokomotiwleriň we iş toparlarynyň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, otlularyň hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işine gatnaşýan işgärler üçin oňaýly şertleri döretmäge mümkinçilik berer.

25-nji oktýabrda Bereket lokomatiw deposynyň açylyş dabarasyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky, Azerbaýjan Respublikasyndaky we Eýran Yslam Respublikasynda ilçihanalary hem-de Astrahan şäherindäki konsullygy tarapyndan ýörite brifingler geçirildi.

Bu tanyşdyryş çärä ýokarda agzalan ýurtlaryň demir ýol pudagynyň agzalary, diplomatiki korpusyň işgärleri, halkara habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tehnikalara hyzmat etmegiň birnäçe görnüşlerini ýerine ýetirmek, depoda abatlaýyş işleriniň ençeme görnüşi amala aşyrylýandygyny, şeýle hem deponyň kuwwatlyklary gündelik abatlaýyş işleri üçin niýetlenen ulgamda 210 teplowoza hyzmat edip bolýandygyny we olaryň birinde ýylda 385 teplowoza, beýlekisinde 10.500 teplowoza hyzmat edip boljakdygy barada habar berildi. Mundan başga-da, Bereket menziliniň täze lokomatiw deposy bagyşlanan wideo-rolik görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen demirýolçylary üçin döredilen amatlyklary synlap, deponyň gurluşyna hem-de köpugurlylygyna ýokary baha berdiler we sebitde Bereket lokomatiw deposy ýokary derejede gurulan deposydygyny bellediler. Şeýle hem Gazagystan–Türkmenistan–Eýran demir ýolunyň ugrunda ýerleşen lokomatiw depoly Bereket menzili Ýewraziýanyň sebitara üstaşyr-ulag aragatnaşyk ulgamyndan bu ýoly netijeli ulanmakda, yklymyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady, syýahat we beýleki ugurlardaky gatanaşyklar pugtalandyrmaga uly ähmiýet berjekdigini aýratyn belläp geçdiler.