img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÄHRANDA TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 28 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN DABARALY KABUL EDIŞLIK GURNALDY

photo

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2019-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Tähran şäherinde ýerleşýän “Parsian Azadi” myhmanhanasynyň dabaralar zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik gurnaldy.

Bu çära Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri, Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi, Senagat, magdanlar we söwda ministriniň orunbasary, Mejlisiň deputatlary, we başgada birnäçe ýokary wezipeli wekiller, Eýranda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary we diplomatlary, türkmen we pars milletleriniň abraýly ýaşulylary, ýazyjy şahyrlary, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem Türkmenistan bilen işleri alyp barýan birnäçe şereketleriň ýolbaşçylary hem-de ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabarany Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.K.Gurbanow hem-deEýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslami giriş sözleri bilen açdylar.

Kabul edişligiň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten üstünliklerine bagyşlanyp ýurdumyzda soňky ýyllarda geçirilen ýokary derejeli çäreler we alynyp barylýan işler barada wideoşekiller görkezildi.