Türkmenistanyň Prezidenti «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy

photo

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Ak tama gelenden soň, Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Prezident Donald Tramp belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşmaga çakylyk üçin ABŞ-nyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, bu formatyň ýurtlarymyzyň arasynda ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi we bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi aýdylyp, Birleşen Ştatlaryň ýurdumyzyň bu başlangyjyny goldandygyny bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Donald Tramp türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ähli esasy ugurlar boýunça mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Soňra Türkmenistanyň döwlet Baştutany «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.

Sammitiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Prezident Donald Tramp sammite gatnaşyjylary mübärekläp, çakylygy kabul edip Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu ýokary derejedäki duşuşygyň altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirdi.

Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin Prezident Donald Trampa minnetdarlyk bildirdi we bu formatyň döredilen wagtyndan bäri gazanylan oňyn netijelere ünsi çekdi.

Türkmenistanyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika, daşky gurşaw ýaly möhüm strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygy bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow sammitiň netijeleriniň Merkezi Aziýa bilen ABŞ-nyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi hem-de Prezident Donald Trampa mähirli kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz agzalan formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam berjekdigini aýtdy.

Prezident Donald Tramp döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Sammitiň dowamynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Sammitiň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama, medeni miras babatda Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Prezident Serdar Berdimuhamedow Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutany Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewany doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady we Aksoltan Ataýewa Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gül dessesini gowşuryp, Gahryman Arkadagymyzyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa gutlaglar üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.

Watanymyza gelende döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.