Türkmenistan ýurduň senagat pudagyna hususy çeşmeleri çekmegi maksat edinýär

photo

Ýurdyň senagat pudagyna hususy sektory giňden çekmek hem-de onuň serişdelerini peýdalanmak, durnukly we yzygiderli ösüş maksatlaryna ýetmek üçin iň täsirli hyzmatdaşlyk görnüşlerini we özara hereket etmegiň dolandyryş mehanizmlerini tapmagy talap edýär. Şonuň üçin-de bu ugurlar ýurduň döwlet maksatnamalarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakow «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» (CIET 2025) atly halkara maslahatynda belledi.

B. Ýalakowyň belleýşi ýaly, döwlet belli bir düzümleriniň üsti bilen işjeň telekeçilik, başlangyç we innowasion dolandyryş üçin oňaýly işewür gurşawy döretmek boýunça zerur çäreleri görýär, hususy önüm öndürijileri senagat we gurluşyk pudaklaryny ösdürmegiň strategik we möhüm meseleleriniň çözgüdine ugrukdyrýar.

«Ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmagyň strategik ugurlarynyň biri — döwlet-hususy hyzmatdaşlyk (PPP) ulgamyny ösdürmek bolup, onuň maksady önümçilikleriň we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, býujet serişdeleriniň netijeliligini artdyrmak, şeýle hem döwlet edaralarynyň we hususy pudagyň ykdysady bähbitlerini utgaşdyrmak arkaly maýa goýumlaryny ykdysadyýete çekmekden ybaratdyr. Şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde maýa goýum taslamalaryny taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde olaryň serişdeleri we tejribeleri birleşdirilýär» diýip, B. Ýalakow aýtdy.

Ministriň orunbasarynyň belleýşi ýaly, kiçi we orta telekeçilik ykdysady we durmuş taýdan birnäçe möhüm meseleleriň çözülmegine saldamly goşant goşýar, döwlet paýynyň ep-esli azalan, emma hususy pudagyň paýynyň ýylsaýyn artýan birnäçe pudaklaryň we ykdysady ugurlaryň ösüşine täsir edýär.

Şeýlelikde, gurluşyk, senagat, himiýa we energetika ýaly ugurlarda maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak işine hususy pudagy çekmek döwlet we hususy pudaklaryň maliýe hem-de önümçilik mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer diýip, B. Ýalakow nygtady.