Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar täze derejä çykýar

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 20-22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynda resmi sapar bilen boldy.

21-nji oktýabrda wekiliýetiň agzalary Kreml diwarynyň ýanyndaky Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdylar hem-de “Moskwa Kremli” döwlet taryhy-medeni muzeý-goraghanasyna baryp gördüler.

Şol gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.A.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy W.I.Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda parlamentara gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigini nygtadylar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Moskwa şäherine amala aşyran saparynyň kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyna täze itergi berendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklarynyň däp bolan dostlukly we strategik häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň döwletara gatnaşyklara mahsus bolan ýokary derejesi netijeli hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek üçin berk binýat bolup durýar.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň ähmiýeti nygtaldy. Ol konstruktiw parlamentara gatnaşyklaryny we umuman döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirlendir.

Ikitaraplaýyn esasda döredilen parlament dostluk toparlary kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak hem-de parlament diplomatiýasyny ösdürmek üçin mümkinçilikleri artdyrýar. Şunuň bilen bir hatarda, parlamentiň agzalary parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine garadylar.

Parlamentleriň ýolbaşçylary gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini herekete girizmäge hem-de däp bolan netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň möhümdigini belläp, anyk teklipleriň birnäçesini beýan etdiler.

Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Taraplaryň özara pikirine görä bu resminama goşmaça mümkinçilikleri açar hem-de parlamentara gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek üçin täze şertleri döreder.

22-nji oktýabrda D.A.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy W.W.Wolodiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Parlamentara hyzmatdaşlygyna iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm guraly hökmünde garalýandygy nygtaldy. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen çözgütleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi üçin bu ugry ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda taraplar şu gezekki duşuşygyň parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmek we ösdürmek üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etjekdigini nygtadylar.