Türkmenistan we Eýran demir ýol ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmagy ylalaşdylar
2025-nji ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministri M. Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri F.Sadeg we Ýol we şäher gurluşyk ministriniň orunbasary, Demir ýol edarasynyň müdiriýetiniň başlygy J.Zakeri bilen duşuşyklary geçirildi. Şeýle hem wekiliýetiň agzalary wagonlary dolandyryş merkezi we Tähran şäherinde ýerleşýän «Aprin» gury portunyň mümkinçilikleri bilen tanşyldy.
Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň demir ýol pudagy boýunça alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, üstaşyr geçýän ýükleriň dolanşygyny artdyrmak boýunça degişli teklipler berildi. Şunda, Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunyň hem-de Aşgabat ylalaşygy (Özbegistan, Türkmenistan, Eýran, Oman) halkara geçelgesiniň işjeňligini ýokarlandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky ýük dolanşygyny giňeltmek boýunça demir ýol ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy artdyrmak hem-de Ermenistan-Eýran-Türkmenistan-Gazagystan üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük daşamak we bu ugry netijeli peýdalanmak boýunça hem maslahat edildi.
Mundan başga-da taraplar Akýaýla-Inçeburun demir ýol geçelgesine baryp gördi we ol ýerde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdy.