YHG-ň bilelikdäki söwda zolaklary boyunç iş toparynyň duşuşygy

2025-nji ýylyň 5-nji martynda, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, sekretariatynda bilelikdäki söwda zolaklary döretmek boýunça toparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýranyň degişli döwlet edaralarynyň ygtyýarly wekillerinden düzülen işçi toparynyň duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda, türkmen-eýran serhedinde söwda bazarçasyny gurmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Teklip edilýän serhetýaka söwda bazarçasynyň, YHG-ň sebitinde we iki ýurdyň arasynda serhetara söwdany ösdürmekde hem-de ykdysady gatnaşyklary berkitmekde amatly boljakdygyny bellenildi.