TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWER KÖMEGINI UGRATDY

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan we ata-babalarymyzyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwer ýüki ugradyldy.
Derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerden, dokma we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik ýüki şu ýylyň 11-nji oktýabrynda doganlyk ýurda bardy.
Bu kömek 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolup geçen tebigy betbagtçylyga duçar bolan adamlara ruhy goldaw bolmak bilen, dostlukly ýurduň halkyna we ýolbaşçylaryna bildirilýän çuňňur hormatyň nobatdaky beýany hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgeleriniň aýdyň nyşany bolup durýar.