Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň türkmen kenarynda täze Halkara deňiz porty dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.

Bu iri möçberli düzümleýin taslama Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ähli ýurtlary üçin, hakykatdan-da, strategik ähmiýete eýedir, onuň amala aşyrylmagy biziň döwletlerimizi hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarar, olaryň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, üstaşyr gatnawlaryň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder.

Hut taryhyň özi hyzmatdaşlygy ösdürmekde biziň üstümize belent jogapkärçiligi ýükleýär, ol diňe bir biziň ýurtlarymyzyň halklaryna peýda getirmek bilen çäklenmän, tutuş Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşe, howpsuzlyga we abadançylyga ýardam eder diýip, köp asyrlar mundan ozal bolşy ýaly, ýene-de bu gadymy ýoluň ýüregi Türkmenistan bolan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek başlangyjy bilen çykyş eden türkmen Lideri belleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasaty netijesinde sebitiň örän möhüm ulag merkezine, iri halkara logistika çatrygyna öwrülýär. Milli Liderimiz daşary ýurtlar bilen gatnaşyklar boýunça möhüm teklipleri öňe sürdi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli işleri alyp barýar.

Munuň üçin halkara ülňülere kybap gelýän ulag düzümi döredilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollar, halkara demir ýollar, menziller, howa menzilleri gurulýar, häzirki zaman gämileri satyn alynýar, demir ýol we awtomobil köprüleri bina edilýär, olar diňe bir ýurdumyzyň sebitlerini däl-de, goňşy döwletleri hem birleşdirýär.

Gämi gatnawlary ulag hyzmatlarynyň ösdürilmeginde möhüm orunlaryň birini eýeleýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça iň häzirki zaman tankerler we paromlar satyn alynýar, port hojalygy döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň täze deňiz derwezesi diňe bir ýurdumyzyň deňizüsti gatnawlaryna bolan barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük akymlarynyň işjeňleşdirilmegi üçin giň mümkinçilikleri açar.

Dünýä söwdasynda möhüm meýilleriň seljermesiniň görkezişi ýaly, olaryň köpüsi Hazar deňzindäki portlaryň ösmegine ýardam edýär, aýdyň güýçlenýän trentleriň biri bolsa — bu harytlaryň konteýner arkaly daşalýan möçberleriniň artmagydyr. Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilmeginiň durnukly artmagy, olaryň çäkleriniň giňelmegi, şeýle hem Merkezi Aziýanyň we Hazarýaka döwletleriň batly depginler bilen ösýän ykdysadyýetleriniň kuwwaty biziň ýurdumyzda, şeýle hem tutuş sebitde port hyzmatlaryna bolan islege getirýän esasy höweslendirijä öwrülýär.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň esasy düzümi bu islegi ýokary hilli teklip hem-de ýokary derejeli hyzmatlar bilen kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Onuň hereket etmegi wagtyň geçmegi bilen, kontinental ýük daşamalarynyň logistika halkalarynda strategik üýtgetmelere getirer. Has gysga we amatly ugurlar üçin oňaýly bolan türkmen ýük geçiriji terminallary olaryň möhüm halkasyna öwrüler.

...Eýýäm täze porta tarap barýan ýoluň ugrunda milli äheňde baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandy: ak öýler dikildi, döredijilik toparlary çykyş etdiler, halk amaly-haşam sungatynyň nusgalary, özboluşly däp-dessurlar görkezildi. Ýörite gurnalan ussahanalarda ussat senetkärler işleýärler, gazanlarda we peçlerde ussat aşpezler dürli tagamlary taýýarladylar.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele geldi, bu ýere döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär. Gyzlar milli Liderimize gül desselerini gowşurýarlar.

Ýygnananlaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, daşary ýurt wekiliýetleriniň ýokary wezipeli baştutanlary we daşary ýurt ilçileri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Hemmeler öňde boljak dabara tolgunmak bilen garaşýarlar, ol ýurdumyzyň iň täze taryhyna aýdyň sahypa bolup girer.

Ýygnananlaryň öňünde estrada aýdymçylary we döredijilik toparlary çykyş edýärler. Çagalar milli Liderimize joşgunly goşgulary okaýarlar.

Derweze görnüşli girelgäniň ýanynda döwlet Baştutanymyz toý bagyny kesip, Halkara deňiz portuny açýar.

Deňiz duralgasynyň çäklerinde aýratyn ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär, bu ýerde belli aýdymçylaryň we çeper höwesjeňler toparlarynyň ýerine ýetirmeginde iri möçberli sahnalaşdyrylan çykyşlar guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz duralgasynyň ugry boýunça ak mermere örtülen binalary we jaýlary, portuň inžener-tehniki desgalaryny synlaýar, ähli ýerlerde milli Liderimiz aýdym-sazlar we tanslar, aýdyň öwüşginli çykyşlar bilen garşylanylýar.

Port dag tarapdan göwnejaý bezelen we özboluşly binagärligi bolan häzirki zaman şäherjigi keşbinde görünýär, altyn çaýylan görnüşindäki aýnalar lowurdaýar. Deňiz tarapyndan mawy asman astynda port kranlarynyň kuwwatly gurnamalary bolan senagat görnüşi açylýar.

Portuň umumy meýdany 1 million 358,5 müň inedördül metrden gowrakdyr. Gämileriň duralga has ýakyn gelmegi üçin 10 million kub metr möçberindäki topragy aýyrmak hem-de deňziň düýbüni çuňaltmak boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi.

20 metr giňlikdäki gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 3 müň 600 metre deňdir, munuň özi bir wagtda birnäçe ýük we ýolagçy gämileriniň gelmegine, gitmegine hem-de olara hyzmat etmäge mümkinçilik berer.

Gämi duralgasynyň meýdançalarynyň birinde ýörite gurnalan açyk teatryň iki tarapynda dutarçylaryň birleşdirilen topary çykyş edýär, giň sergi guraldy. Onuň bir bölegi türkmenleriň amaly-haşam sungatyna, milli medeniýetiň we ýaşaýyş-durmuş däp-dessurlaryna, beýleki bölegi bolsa ýurdumyzyň häzirki zaman senagatyna, şol sanda onuň eksport ugruna bagyşlandy. Bu ýerde dokma senagaty önümleriniň, nebitgaz, himiýa, gaýtadan işleýän senagat önümleriniň giň görnüşini synlamak bolýar. Mysal üçin, ýurdumyzda öndürilýän polipropilenden taýýarlanylan dürli önümler görkezilýär, olar häzir türkmen senagatynyň dürli ugurlarynda: hojalyk enjamlaryndan halyçylyga çenli ugurlarda giňden ulanylýar.

Geçen we häzirki döwürleriň özboluşly baglanyşygy, mirasyň we innowasiýalaryň arabaglanyşygyny şekillendirýän sergi gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm sepgidi hökmünde Türkmenistanyň mümkinçiliklerini äşgär edýär.

Türkmenistan häzirki wagtda hem özüniň üstaşyr-ulag kuwwatyny ýurdumyzy tiz depginlerde senagatlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, bu ulgamlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam edýän möhüm şert hökmünde peýdalanmaga ilkinji derejeli ähmiýet berýär.

Şu maksat bilen “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” häzirki zaman ulag geçelgeleriniň ulgamy yzygiderli kemala getirilýär, ol deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýar, munuň özi Ýewraziýa yklymynda özara bähbitli sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna hem-de Hindi ummany sebitiniň döwletlerine çykmagy üçin aňrybaş amatly şertleri döredýär, giň gerimli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny has gysgaltmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdyrylan sergini synlap, dabaralaryň geçirilýän binasyna tarap ugrady. Milli Liderimize we dabara gatnaşyjylaryň ählisine multimediýa tomaşasy görkezildi. Ýörite öwüşginler we lazer tehnikasy peýdalanylan giň ekranda görkezilen filmiň edebi esasyny hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby düzdi.

Tomaşaçylar türkmen tebigatynyň täsin görnüşlerini, onuň dürli landşaftlaryny synladylar, biziň ýurdumyzyň çäklerinden gadymy döwürlerde taryhy ýollar geçipdir — ummasyz uly sähra giňişlikleri, daglar, bol hasylly ýaýlalar we deňiz kenarlary ýerleşipdir.

Filmde şeýle hem ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmegiň, onuň üstaşyr kuwwatyny artdyrmagyň hem-de halkara ulag geçelgeleri ulgamyny döretmegiň esasy ugurlary gysgaça beýan edildi. Şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portunyň aýratynlyklary hakynda wideofilm görkezildi, portuň ähli terminallarynyň işi häsiýetlendirildi, bu port diňe bir ýurdumyzyň ulag ulgamyny ösdürmek üçin däl-de, tutuş milli ykdysadyýetimiz üçin hem möhüm ähmiýetli desga bolar.

Täze toplumyň düzüminde parom, ýolagçy we konteýner terminallary, şeýle hem gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody guruldy. Bu ýerde deňiz duralgalary gidrotehniki desgalaryň gurluşygyndan başga-da, kenar düzüminiň köp sanly desgalary guruldy, olar umumy uzynlygy 3,9 müň metrden gowrak estakada aýrytlary bolan awtomobil ýoluny hem-de uzynlygy 30 müň metre golaý demir ýoly öz içine alýar.

Täze deňiz portunyň tehniki aýratynlygy barada aýdylanda, ol iň häzirki zaman programma –enjamlaýyn toplumlar bilen üpjün edildi, olar nawigasiýanyň we ýük gatnawlarynyň, şeýle hem daşky gurşawy goramagyň howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmek üçin zerur bolup durýar, bu meselelere döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn ähmiýet berýär. Port giňişliginde gämileriň hereketine gözegçilik, ähli meýdançalarda ýüklemek — düşürmek işleri awtomatlaşdyrylan ulgamlar we elektron tehnologiýalar arkaly hakyky wagt düzgüninde amala aşyrylýar.

Film tamamlanandan soňra, alypbaryjy hormatly Prezidentimize Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylmagyna ak pata bermegi barada haýyş bilen ýüz tutdy.

Milli Liderimiz ak pata berip, “Balkan” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna tarap ugrady. Bu desga ýurdumyzyň halk hojalyk toplumy üçin düýbünden täze önümçilikdir hem-de ýurdumyzyň gämi gurluşygynyň kemala gelmegi üçin binýady emele getirýär. Gämileri ýygnamakdan başga-da, bu ýerde tankerleri, gury ýük gämilerini, tirkegleri we beýlekileri abatlamak boýunça işleriň doly tapgyry ýerine ýetiriler.

Döwlet Baştutanymyzy ady agzalan kärhanada aýdym-saz bilen garşylaýarlar.

Zawodyň hünärmeni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy täze desganyň iş tertibi, onuň tehnologiýa ulgamlary bilen tanyşdyrýar.

Kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän zawod döwrebap tehnologiýalary hem-de halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanmak bilen, şol döwrüň içinde 4 — 6 gämini gurmaga ukyplydyr. Mundan başga-da, bu önümçilik desgasy bir ýylda poladyň 2 müň tonnasyny hasaba almak bilen, 20 — 30 gämini abatlamak we hyzmat etmek boýunça işleri geçirmäge ukyplydyr.

Bu ýerde ýük göterijiligi 10 müň tonna bolan gämileriň ýerini üýtgediş ulgamy oturdyldy, şeýle hem ýük göterijiligi 80 tonna tigirli kran, ýük göterijiligi 40, 60 we 80 tonna bolan relsde ýöreýän kranlar bar. Gämi gurluşygy — bu ýokary tehniki we çylşyrymly işdir. Ol dürli kärleriň we hünärli işgärleriň ençemesini utgaşdyrýar. Umuman, 166 müň inedördül metri eýeleýän “Balkan” zawodynda 1160 iş orny döredildi.

Soňra döwlet Baştutanymyzdan täze gäminiň gurluşygyna ak pata bermegi haýyş edýärler.
Milli Liderimiz ýörite düwmä basýar, şol pursat demir bölegini kesmek işine girişilýär. Göni ýaýlymda wakalary şekillendirýän monitorlar arkaly konteýnerler, ürgün ýükler üçin terminallaryň we umumy ýük terminalynyň yzly-yzyna açylyşyny synlamak bolýar.

Polat bölegini kesmek hem-de oňa taslama laýyklykda görnüş bermek işi tamamlanandan soň, hünärmen döwlet Baştutanymyzdan geljekki gäminiň demir böleginde ýadygärlik ýazgyny galdyrmagy haýyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz elektron ekranda öz goluny çekýär, ýörite lazer enjamy bolsa goluň nusgasyny taýýarlanylan demir bölegine göçürýär, bu ekranlarda görkezilýär.

Bu ýerden döwlet Baştutanymyz ýolagçy terminalyna tarap ugrady.

Ýüzugra milli Liderimiz konteýner terminalyny, ürgün ýükler we umumy ýükleýiş terminallaryny synlady. Döwlet Baştutanymyzyň ýanynda bolýan hünärmenler dürli ýükleri kabul etmekde, işlemekde, saklamakda we ibermekde Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler.

Ortaça ýyllyk kuwwaty 400 müň TEU bolan konteýner terminaly 249 müň inedördül meýdany eýeleýär. Bu strategik häsiýetli desga Türkmenistany sebitiň eksport-import logistika ulgamynda öňdäki orunlara çykarar. Multimodal logoparkda konteýner ýüklerini saklamak we utgaşykly işlemek boýunça hyzmatlar toplumy ýerine ýetiriler, ol ýükler howa, awtomobil we demir ýol ulagy bilen getiriler, olary suw ulagyna ýüklemek we düşürmek işleri üpjün ediler.

Mysal üçin, demir ýol duralgasynyň meýdançasy 450 wagona niýetlenendir we onda gije-gündizleýin ýükleýiş-düşüriş işlerini ýerine ýetirip bolar.

Konteýner terminalynyň gämi duralgasy 480 metr bolup, umumy ýük göterijiligi 5 müň tonna deň bolan gämileriň birnäçesinde birbada ýüklemek-düşürmek işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Portuň täze enjamlary hem-de ýükleri işlemek üçin göteriş-ulag tehnikalary bar. Mysal üçin, konteýner terminalynda öndürijiligi sagatda 25 TEU bolan “gämi-kenar” (STS) görnüşli duralga ýük ýükleýjileri işleýär. Şeýle ýük ýükleýjileriň her biri 12 sagadyň dowamynda 300 konteýnerli bir gäminiň ýüküni düşürip bilýär.

Terminalda geçirijilik ukyby bir günde 50 TEU bolan esasy paýlaýjy merkez (CFS-Container Freight Station) bolup, onuň wezipesine ýükleri ugurlary boýunça toparlara bölmek işi girýär.

Gündelik maglumatlary operatorlaryň monitorlaryna çykarýan gözegçilik hemra ulgamy bilen üpjün edilen konteýner terminaly CTQI (Container Terminal Quality Indicator — konteýner terminallarynyň hil görkezijisi) ölçegine laýyklykda taslandy. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda tutuş dünýäde konteýnerleriň dolanyşygy tiz artýar, bu bolsa konteýner terminallarynyň sanynyň artmagyna täsirini ýetirdi. CTQI ölçeginiň ornaşdyrylmagy hyzmatlaryň bu görnüşinde bir bitewi hil gözegçiligini döretmäge mümkinçilik berdi.

Ürgün ýükler terminaly dürli çig mal serişdelerini, nebithimiýa önümlerini, klinkeri, demir magdanyny, boksiti, alýuminini, kömri, iýmleri, dökünleri, şeýle hem dänäni, şekeri, duzy we beýlekileri geçirip ýüklemek üçin niýetlenendir, olary saklamak üçin bolsa ammarlar we bunkerler guruldy.

Umumy ýükleriň terminaly portuň iň uly desgalarynyň biridir. Onuň kuwwaty ortaça ýylda 4 million tonna deňdir. Ol dürli gurluşyk serişdelerini, demir, polat, agaç, maşynlar, enjamlar ýaly ýükleri kabul etmäge we ugratmaga niýetlenendir. Bu terminalyň duralgasynda ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan gämileriň birbada birnäçesiniň ýüküni düşürip we ýükläp bolýar. Relsde ýöreýän kuwwatly we ykjam port kranlary ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin niýetlenendir.

Polipropileni saklamak we ýüklemek boýunça ýöriteleşdirilen terminal barada aýdylanda bolsa, bu önüm Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümleriniň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ol dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar, munuň şeýledigine bolsa, hususan-da, Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylýan köp sanly şertnamalar şaýatlyk edýär. Türkmen polipropilenini Ýaponiýa, Russiýa, Türkiýe, Eýran, Özbegistan, Azerbaýjan we beýleki ýurtlar sarp edýär. Eksport harydynyň agramly bölegi deňiz bilen daşalýar.

Ýurdumyzyň esasy “deňiz derwezesiniň” hem-de flotunyň düzümini ösdürmegiň meseleleri utgaşykly bolup, nebitgaz, senagat toplumlarynyň, demir ýol ulagynyň we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň meýilnamalary, deňizýaka şäheriň häkimligi, umuman, Hazar sebitinde işleýän ähli subýektler bilen özara baglydyr.

Täze port Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmegine, senagat we ulag düzümini ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge goşmaça kuwwatly itergi berer, şeýle hem uly möçberdäki maýalary çekmäge ýardam eder. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmek, beýleki döwletlerden ýurdumyza deňiz kenarynda dynç almaga gelýänleriň sanyny artdyrmak babatda hem uly mümkinçilikler açylýar.

Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak üçin her bir terminalda bioarassalaýjy enjamlar oturdyldy. Umuman, taslama tutuşlygyna “Ýaşyl port” halkara ölçeglerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Täze deňiz portunyň gurluşygynyň barşynda gazylyp çykarylan toprak Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky deňiz aýlagynda meýdany 170 gektar bolan emeli adany döretmek üçin ulanyldy. Bu ada gyzylinjikleriň, gazlaryň, ördekleriň, hokgarlaryň, gotanlaryň we beýleki guşlaryň ýaşaýan, höwürtgeleýän we gyşlaýan ýerine öwrüldi. Ýokary tehnologiýaly önümçiligiň guralmagyna hut şeýle ekologik çemeleşmä bilermen ekologlaryň halkara bileleşigi tarapyndan nusgalyk hökmünde baha berildi.

Portuň gurluşygy bilen birlikde Türkmenistanda, şeýle hem daşary ýurtlarda onuň işgärlerini taýýarlamak we operatorlary, degişli hünärmenleri okatmak boýunça uly işler geçirildi.

Ýolagçy terminalynyň binasynyň öňünde döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly, tansly çykyşlary ýaýbaňlanýar.

Soňra milli Liderimiz ýolagçy terminalynyň binasyna girýär, bu ýerde ulag-aragatnaşyk pudagyna bagyşlanan sergi guraldy. Wideodiwarlyklar görnüşindäki sergi dürli halkara guramalar, şeýle hem Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriň degişli düzümleri bilen tanyşdyrýar.

Bu wideotanyşdyrmalaryň umumy pikiri ulag akymlarynyň ösdürilmegi, köp sanly döwletleriň we iri sebitleriň ugurlarynyň goşulmagy döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň özara düşünişmegine we ýakynlaşmagyna ýardam etjekliginde jemlenýär.

Türkmenbaşydaky deňiz portunyň ulanmaga berilmegi bilen köpugurly we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde iri halkara we sebit guramalarynyň mümkinçilikleri hem artýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolagçy terminalynyň gurluşy, syýahatçylar we işgärler üçin döredilen şertler bilen içgin tanyşdy.

Ýolagçy terminalynyň binasy 600 orunlykdyr. Bu ýerde migrasiýa we pasport gözegçiligi, beýleki zerur bolan düzgün-kadalar häzirki zaman derejesinde guralypdyr. Şeýle hem portda myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezleri göz öňünde tutuldy.

Umuman, awtomobil we ýolagçy parom terminalynyň umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolup, onuň duralgasynda iki gämi birbada ýerleşip bilýär. Ol bir ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat etmäge ukyplydyr.

Elbetde, täze port «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýän syýahatçylaryň, ozaly bilen, goňşy Hazarýaka döwletlerden gelýän jahankeşdeleriň sanynyň artmagyna ýardam eder. Bu ýerde dynç alýanlary ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýän kaşaň myhmanhanalar we oňaýly kottej toplumlary, şeýle hem döwrebap sport desgalary hem-de ösen dynç alyş düzümi garşy alar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hünärmenleriniň baha bermegine görä hem-de abraýly halkara bilermenleriň netijenamalaryna laýyklykda, Hazar deňziniň türkmen kenary ekologiýa taýdan örän arassa diýlip hasaplanýar. Munuň özi bu ugurda işleriň yzygiderli we maksadalaýyk geçirilmegi bilen düşündirilýär. Sebitiň dynç alyş mümkinçiliklerini özünde jemleýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň iri möçberli taslamasy munuň aýdyň mysaly bolup, ony iri halkara syýahatçylyk merkezine öwrer. Deňiz ýakasynda gurulýan ähli desgalaryň daşky gurşaw üçin howpsuzlyk talaplaryna hökmany laýyk gelmegi onuň esasy ýagdaýlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz ýolagçy terminalynyň binasyndan çykmazdan öň, hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Täze portuň Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösmegine, sebitiň senagat we ulag düzümini ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge goşmaça kuwwatly itergi berjekdigine, şeýle hem uly möçberde maýalary çekmäge ýardam etjekdigine ynam bildirmek bilen, milli Liderimiz hemmelere işde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Mahlasy, Halkara deňiz portuny gurmagyň taslamasynyň amala aşyrylmagy Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, onuň netijeli daşary syýasatynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu syýasat ählumumy ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada tarap ugrady.