TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2024-nji ýyl - Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
SOŇKY HABARLAR
Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýerinde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi banneriniň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahaty...
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary
2024-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamed...
BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasy kabul edildi
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 107-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň başlangyjy bilen gün tertibiniň «Sport ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna: sport we olimpiýa asylly ýörelgeleri arkaly parahatçylygy berkitmek we has bagtyýar durmuşy gurmak» atly 11-nji bendiniň esasynda hödürlenen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasyna seredildi we kabul edildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik w...
Türkmen wekiliýetiniň Helsinki şäherine amala aşyran sapary hakynda
2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Helsinki şäheriniň EastCham Finland binasynda «Finnish Water Forum», «Watermaster», «Wärtsilä», «Agronic Oy», «Reorbit», Fin Meteorologiýa instituty ýaly öňdebaryjy maliýe kompaniýalarynyň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Çärede türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, fin tarapyna «EastCham Finland» kompaniýasynyň Baş direktory hanym Ýaana Rekolainen ýolbaşçylyk etdi. Öz çykyşynda türkmen wekiliýeti fin kom...
Türkmenistan Halkara awtomobil ulaglary bileleşigi bilen özara gatnaşyklara ygrarlydyr
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara awtomobil ulaglary bileleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Prettonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen IRU-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini bellediler, şeýle-de multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini we halkara logistika merkezlerini ösdürmek, şol sanda ulag ulgamyny sanlaşdyrmak arkaly ýurtlaryň arasyndaky özara baglanyşygy gowul...
Arkadag akylly şäheriniň özboluşlylygy Koreýa Respublikasynda geçirilen Bütindünýä sergisinde sylaglar bilen bellenildi
2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynyň Koýan şäherinde geçirilen akylly şäherleriň «World Smart City Expo 2024» sergisinde üç sylag bilen sylaglandy. Sergide dürli ugurlarda tapawutlanan ýerli we daşary ýurt şäherleri, şeýle hem kompaniýalary ýokary sylaglara eýe boldular. Arkadag akylly şäheriniň çärede ilkinji sylaglanan gatnaşyjy bolandygy bellärliklidir. Türkmen tarapyna aşakdaky sylaglar – Diňe Arkadag şäherine gowşurylan «akylly şäher» ulgamyndaky bel...
BMG-niň OHCHR-niň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň OHCHR bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda demokratik institutlary mundan beýläk hem kämilleşdirmek hem-de adam hukuklary babatynda borçnamalary netijeli ýerin...