SOŇKY HABARLAR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana iş saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy. Dostlukly ýurduň Lideri Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Azerbaýjana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri sammite gatnaşmaga çakylyk, şeýl...
Türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdür...
Türkmen-eýran welaýatara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi
Demirgazyk Horasan welaýatynyň Bojnurd şäherinde maýa goýum mümkinçilikleriniň milli maslahaty geçirildi. Maslahatda Eýranyň Wise-prezidenti Jafar Gaempanah, Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri, Türkmenistanyň Eýrandaky Ilçisi, Mejlisiň deputatlary we beýleki resmi adamlar çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Ilçisi bilen Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda welaýatara hyzmatdaşlygyny...
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
Şu gün — Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar.
Aşgabatda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, institut...
Tähranda YHG-nyň Medeniýet institutynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly maslahat geçirildi. Maslahata Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary we onuň orunbasarlary, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, bu ýurduň...
Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 34 ýyllyk baýramy
2025-nji ýylyñ 27-nji sentýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyñ Tähran şäheriniñ Azady meýdanynda Türkmenistanyñ baýdagynyñ görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu çäraniñ dowamynda ýurdumyzyñ Döwlet senasy hem-de türkmen halkynyñ Milli Lideri, Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyñ Başlygy Gahryman Arkadagymyzyñ "Öñe, öñe, diñe öñe jan Watan Türkmenistan" diýen aýdymy ýañlandy. Agzalan dabara Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyñ Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçi...