TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletiniň Döwlet ministri bilen duşuşygy
Arap-yslam ýurtlarynyň adatdan daşary sammitine taýýarlyk duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri Marýam bin Ali bin Naser Al-Misnadyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar özara gyzyklanma döredýän meseleleriň giň gerimi, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy dialogy berkitmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunç...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Katar Döwletine sapary
2025-nji ýylyň 14–15 sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Dohada, Katar Döwleti, Arap döwletleriniň Ligasynyň hem-de Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna we adatdan daşary arap-yslam sammitine gatnaşmak üçin sapar bilen bolýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Katarda bolup geçen wakalar bilen baglylykda resmi garaýşyny beýan edip, halkara meselelerini çözmekde güýji ulanmagyň kabul ederliksizdigini, onuň BMG-niň Terti...
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze teh...
Türkmenistanyň DIM-iň beýanaty
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ysraýyl Döwletiniň Doha şäherindäki ýaşaýyş etrabyna uran zarbalaryny ýazgarýar hem-de şeýle hereketlere Katar Döwletiniň özygtyýarlylygyna kast edilmegi we halkara hukugynyň kadalarynyň gödek bozulmagy hökmünde garaýar. Türkmenistan üçin islendik halkara meselelerini çözmekde güýç ulanmak ýa-da güýjüň ulanjakdygy barada haýbat atmak düýbünden kabul ederliksiz hasaplanýar we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine hem-de ýörelgelerin...
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖADSM) ýolbaşçysy Kaha Imnadzeniň arasynda duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we MAÖADSM-iň arasyndaky, hususan-da, ýakynda öz işine başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Gepl...
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde işine başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisi...
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze önümçilik desgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda öndürilýän önümleriň bäs...