img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Tähranda Türkmenistanyň we Päkistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilleriniň duşuşygy geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 17-nji awgustynda Tähran şäherinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili bilen Päkistan Yslam Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky täze bellenen Ilçisi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Imran Ahmed Siddikiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar halkara guramalaryň çäklerinde, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Şeýle hem 2026-2027-nji ýyllarda Päkistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk edýän döwründe agza döwletleri bilen bilelikde geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Bu babatda, 2026-njy ýylyň 15-16-njy noýabrynda Yslamabat şäherinde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň 30-njy duşuşygynyň taýýarlyk-guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Türkmenistanyň we Päkistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we giňeltmekde yzygiderli syýasy dialogyň hem-de konstruktiw özara gatnaşyklaryň ähmiýetini  nygtadylar.