img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Tähran şäherinde Türkmenistanyň Ilçisi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň gurluşyk komissiýasynyň ýolbaşçysy, Türkmen-Eýran parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Abdoljalal Iriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar 2026-njy ýylyň 3-nji iýulynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda bu ýurduň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf  bilen geçiren duşuşygynyň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygynyň möhüm orny barada nygtadylar.

Hususan-da, energetika, nebit-gaz we ulag-üstaşyr ugurlarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar parlamentara dostluk toparynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy barada bellediler.

Şeýle hem Bitaraplygyň dostlary toparynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň hem-de 2028-nji ýylyň «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan edilmeginiň many-mazmun taýdan aýratyn ähmiýete eýedigini we möhüm ornunyň bardygyny nygtadylar.