img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY - TÄHRAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Ilçisi Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy

photo

2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Y.Gaýypow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidenti Mahmud Heýdariniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar atçylyk sporty boýunça alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçirilýän çäreler boýunça pikir alyşdylar.

Bu babatda, Türkmenistanyň Ilçisi öňümizdäki döwürde geçiriljek halkara çäreleriň many-mazmun taýdan ähmiýetini açyp düşündirdi. Şeýle hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyçlary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygy esasynda atçylyk sportunyň ösdürilmegi ugrunda edilýän işleriň aýratynlyklary barada jikme-jik belläp geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek halkara çäreleriň işine gatnaşmak üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Atçylyk sport federasiýasynyň prezidentine çakylyk haty gowşuryldy.

M.Heýdari türkmen tarapynyň çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň gönüden-göni baştutanlygy we howandarlygy esasynda türkmen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzünde tanadylmagy hem-de atçylyk sportunyň has-da ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny beýan etdi.

Mundan başga-da, eýran tarapy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de bilelikdäki atçylyk ýaryşlarynyň Türkmenistanda we Eýranda gurnamak baradaky mümkinçilikleri öwrenmegi teklip etdi.