Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat

img
img
img
img

2025-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.

«2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar bilen geçirilýän ýylda guralan bu çäräniň işine Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy gatnaşdy. Şeýle hem oňa Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşaw boýunça Wise-Prezidenti Ş.Ansari, Daşary işler ministriniň Jemgyýetçilik diplomatiýasy merkezi boýunça orunbasary E.Bagaei, Hökümediň wekilleri hem-de bu ýurtda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Agzalan maslahatyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Hemişelik utgaşdyryjysy S.Priesner,  Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşaw boýunça Wise-Prezidenti we Daşary işler ministriniň Jemgyýetçilik diplomatiýasy merkezi boýunça orunbasary çykyş etdiler.

Çykyşlarda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky orny, alyp barýan işleri we öňde goýulan wezipeleri hem-de Eýran Yslam Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlyk barada beýan edildi.