Türkmennistanyň Medeniýet ministriniň orunbasarynyň Eýranyň Gülüstan welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy
15.05.2024ý senede Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna sapary başlandy.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimowyň Eýranyň Gülüstan welaýatynyň häkimi Ali Mohammad Zangane bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen EYR-nyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça we hususanda medeni-ynsanperwer ugurda yzygiderli ösýändigini bellediler. Şeýle hem taraplar Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda we dünýäde geçirilýän çäreleriň ähmiýeti barada nygtap geçdiler.
Türkmen wekiliýetiniň saparynyň maksady däp bolşy ýaly Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününiň öňýanynda beýik şahyrlarymyz we akyldarlarymyz bolan Magtymguly Pyragynyň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň Aktokaýda ýerleşýän aramgähine zyýarat saparyny amala aşyrmakdan ybarat.