SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ BAŞTUTANYNY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) täze baştutany Natalýa Germany kabul etdi. Olar V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny a...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen türgenleriniň we tälimçileriniň hyzmatlaryny belledi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň ýeňşine uly goşant goşan türkmen tälimçileriniň hem-de türgenleriniň—milli ýygyndy toparymyzyň agzalarynyň üstünligini ýokary döwlet sylaglary – “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” hem-de “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly atlar bilen belledi. Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen dabaraly ç...
OLIMPIÝA STADIONYNDA ÝAPYK BINALARDA WE SÖWEŞ SUNGATY BOÝUNÇA V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ ÝAPYLYŞ DABARASY BOLDY
2017-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Aşgabadyň Olimpiýa stadionynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy. Oňa gatnaşmak üçin Olimpiýa stadionyna on müňlerçe tomaşaçylar, sport baýramçylygynyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar ýygnandy. Dünýäniň 82 ýurdundan gelen žurnalistleriň we synçylaryň ýarym müňden gowragy diňe bir ýaryşlaryň netijeleri hakynda däl, eýsem, Türkmenistan, onuň...
TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MEJLISINIŇ GARAMAGYNA TEKLIP EDEN ÄHMIÝETLI GARAÝYŞLARY WE BAŞLANGYÇLARY
2017-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekili, Ilçi A.Ataýewa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda umumysyýasy ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan çykyş etdi. Türkmenistanyň Hökümeti terrorçylygy ähli görnüşlerde we ýüze çykmalarda şübhesiz ýazgarýar we terrorçylygyň öňüni almaklyk milli, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm bölegi bolup durýar diýip ykrar edýär, hem-de şunuň bilen baglylykda Tür...
Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady
Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlary dowam edýär. Şu gün sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy. Bu gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik berdi. Oýunlaryň ähli günleri boýunça ýygyndy toparymyz jemi 89 medala - 43 altyn, 28 kümüş we 18...
Milli ýygyndymyzyň hasabynda 62 medal bar: 29 – altyn, 21 – kümüş we 12 – bürünç
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlary barha ýaýbaňlanýar. 18-nji sentýabr güni sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň baýrakly orunlaryna baý boldy. Ol sportda gazanylanlaryň üstüni ýetiren Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin hem üstünlige beslendi. Şunda dürdi derejeli baýlaklaryň 25-si, şol sanda 13 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medallar bilen ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň hatary artdy. Munuň özi medallaryň umumy gazanylan hasabynda öňdebaryjylygyny...
Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň ykrar edilen parahatçylyk söýüjilik we iri sport merkezine öwrülmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Merkezi Aziýada ilkinji g...