SOŇKY HABARLAR
BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYŇ DABARALANMAGY
2017-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ýurdumyzyň Balkan welaýatynda Bereket menzilinde täze lokomatiw deposy açylyp ullanmaga berilipdi. Bereket menzili Gazagystan–Türkmenistan–Eýran transmilli demir ýolunyň möhüm bölegi bolup, bu ýerde täze lokomotiw deposynyň işe girizilmegi iri demir ýol kärhanasynyň işini täze derejä çykarmaga, lokomotiwleriň we iş toparlarynyň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, otlularyň hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işine gatnaşýan işgärler üçin oňaýly şertleri dör...
BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZINIŇ 10 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN LEKSIÝALAR
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin ýörite leksiýalar kursyny geçirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu leksiýalar bilen çykyş ederler. Leksiýalaryň dowamynda talyplaryň we diňleýjileriň ünsleri öňün...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA RECCA VII ÇYGRYNDA AKADEMIK FORUM GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII Ministrler maslahatynyň (RECCA VII) çygrynda Akademik forum geçirildi. Forumyň işine degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň işgärleri, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri hem-de Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary, Hytaý Halk Respublikasynyň Ženmin Uniwe...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Soçi (Russiýa Federasiýasy) şäherine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, GDA-nyň işlerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaş...
TÜRKMENISTANYŇ ÝAŞULULARYNYŇ MASLAHATYNYŇ MEJLISINDE ÝURDUŇ ÖŇE GIDÝÄN ÖSÜŞINIŇ ESASY MESELELERINE GARALDY
2017-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Ahal welaýatynda Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Umumymilli maslahatda geljekde ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşiniň, durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Maslahatyň wekilleriniň arasynda hormatly ýaşulular, Hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, m...
TÜRKMEN WEKILIÝETI BMG-NIŇ BOSGUNLARYŇ IŞI BOÝUNÇA ÝOKARY KOMISSARLYGYNYŇ MAKSATNAMASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI KOMITETINIŇ 68-NJI MEJLISINIŇ IŞINE GATNAŞDY
2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-6 aralygynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewyň ýolbaşçylygynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 68-nji mejlisine türkmen wekiliýeti gatnaşdy. 2017-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň çykyşynda, dünýä jemgyýeti tarapyndan gün tertibinde duran bosgunlar bilen bagly aktual meseleleriň biri bolan işiniň...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI WLADIMIR PUTIN RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde RF-yň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Uçaryň ýanyndan uzalyp gidýän haly ýodasynyň ugrunda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawuly nyzama düzüldi. Russiýanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni howa menzilinden motosiklçileriň hormat garawulynyň ugratmagynda...